Ï Döwrebap ýollar häzirki zamananyň nyşanydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwrebap ýollar häzirki zamananyň nyşanydyr

view-icon 826
Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň täze işewür merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde Andalyp köçesinden Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna çenli bolan aralykda durky doly täzelenilen awtomobil ulag ýoly ulanmaga tabşyryldy. Bu taslama “Türkmenawtoýollary” dowlet konserniniň hünärmenleri bilen bilelikde ýollary, ýol aýrytlaryny we köprüleri gurmak ýaly birnäçe iri taslamalary durmuşa geçiren “Wozroždeniýe” önümçilik birleşiginiň, (Russiýa Federasiýasy) hünärmenleriniň tagallalary bilen amala aşyryldy.

Türkmenistanda täze taryhy eýýamda döwrebap ulag düzümleriniň kemala getirilmegine ägirt uly üns berilýär. Muňa pudagy ösdürmek üçin millionlarça manat möçberde goýulýan maýa goýumlar, ol ýa beýleki iri taslamalara halkara maliýe edaralaryň, şeýle hem daşary ýurt gurluşyk kompaniýalaryň çekilmegi şaýatlyk edýär. Çünki hemme döwürlerde-de ýollar şäherleriň we obalaryň ösdürilmegi üçin möhüm bolan durmuş-ykdysady şertleriň üpjün edilmegine, bol hasylly ýerleriň özleşdirilmegine, tebigy baýlyklaryň netijeli ulanylmagyna hyzmat edipdir. Häzirki wagtda türkmenistanlylaryň hususy awtoulag edinmäge bolan islegleri barha artýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň ilatynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen oýlanyşykly durmuş syýasaty bilen baglanyşyklydyr.

Ulag gatnawynyň artmagy bilen bir wagtyň özünde ýola düşelen örtükleriň ulanyşa ýaramsyzlygy-da artýar. Çünki geçen asyryň aýaklarynda taslanan we gurlan ýollaryň köp bölegi halkara kadalaryna hemişe laýyk getirilmändir we awtoulaglaryň möçberiniň iki, hatda üç esse artmagy göz öňünde tutulmandyr. Şunuň bilen baglylykda bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek we olary giňeltmek, täze ýollary gurmak boýunça tapgyrlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Ol işler bolsa uzak möhletleýin ulanylmagyny we ulag gatnawynyň geljekde ösüşini hasaba almak arkaly hemme zerur bolan talaplara laýyk gelýän berkligiň aňrybaş ýokary hilini üpjün edip berjaý edilýär. Şeýlelik bilen, işleriň ýokary hilini we döwrebap awtomagistrallaryň şekýetmez tekizligini gazanmak häzirki wagtda bu pudakda iş alyp barýan ähli kompaniýalaryň ugur almaly esasy ýörelgeleri bolup durýar.

Ulag ýollarynyň gurluşygy baradaky gürrüňimizi dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň bu pudaga berýän aýratyn ünsüni belläp geçeliň. Sebäbi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparlarynyň birinde birnäçe möhüm desgalaryň taslamalary milli Liderimiziň garamagyna hödürlendi. Olaryň hatarynda 10 ýyl abadançylyk şaýolunyň günbatara, Bekrewe ýoluna çenli ýene-de 4,2 kilometr uzajak böleginiň gurluşygynyň taslamasy bar. Bu ýoluň ulanmaga tabşyrylmagy köp ulaglar üçin şäheriň üstünden geçilmegini azaltmaga mümkinçilik berip, Aşgabadyň ulag magistrallarynyň gatnawyny peseltmäge ýardam eder. Şeýle hem Köpetdag şaýoluny Andalyp köçesine çenli 7,7 kilometr uzaltmak bellenilýär. Şonuň ýaly-da Bajygyran tarapdan Andalyp köçesine çenli başlanjak we täze köpriniň üstünden geçip, häzirki wagtda aýlawly awtomobil ýolunyň demirgazyk böleginde gurulýan gümrük terminalyna çenli ýetjek awtomobil ýolunyň gurluşygy meýilleşdirilen. Bu işler hem paýtagtymyzyň merkezi ýollarynda ýük ulaglarynyň hereketini azaldar.

Eýýäm durmuşa geçirilýän, şeýle hem gurluşyklary göz öňünde tutulan birnäçe beýleki taslamalara awtomobil köprülerini, köpderejeli ýol aýrytlaryny gurmak, bar bolan şäher we şäherýaka ýollarynyň durkuny täzelemek hem abadanlaşdyrmak işleri, olaryň bezeg, yşyklandyrma, awtobus duralgalarynyň ýerleşdirilmegini, zerur bolan aragatnaşyk ulgamynyň geçirilmegini alyp barmak degişli bolup durýar.

Şu esasda Köpetdag şaýoly ýol gurluşygyny alyp barmakda saýlama derejeli bolup hyzmat edip biler. Onuň umumy uzynlygy 40 kilometr. Bölüji çyzyklary we kömekçi ýollar bilen birlikde ýoluň gatnaw bölegi käbir ýerlerde 50 metrden gowrakdyr. Bu şaýol energotygşytlaýjy tehnologiýanyň ulanylmagy bilen ulag hereketiniň we ýollaryň yşyklandyrylmasynyň döwrebap dolandyryş ulgamy hem-de habar beriş tablolar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ýakynda bolsa Köpetdag şaýolunda Halkara atçylyk sport toplumynyň alkymynda halkalaýyn çatryklaryň merkezinde şöhratly ahalteke bedewi bolan Polatla bagyşlanan “Polatly aýlaw” diýen heýkeller toplumynyň we biziň halkymyzyň ahalteke atlaryna çuňňur söýgüsiniň nobatdaky nyşanyna öwrülen “Atly aýlaw” heýkel toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzda atçylygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Dünýä siwilizasiýasynyň gymmatly baýlygy, türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy bolan şöhrat gazanan ahalteke bedewleri häzirki wagtda täze taryhy eýýamyň, onuň belent taglymlarynyň, maksatlarynyň we ymtylyşlarynyň janly beýany boldy.

Andalyp köçesinden ahalteke atçylyk toplumyna çenli ýoluň durky täzelenen böleginiň ulanylmaga berilmegi birnäçe maksatlara eýerýär. Ulag düzümini gowulandyrmak boýunça döwletimiziň giňden mälim bolan ugrundan başga hem bu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşynda onuň bezeg tarapyna aýratyn üns berildi. Köpetdagyň ajaýyp jülgesinde çekilen bu ýol ýerli ýaşaýjylara hem, daşary ýurt döwletlerinden gelen köp sanly myhmanlarymyza hem şu bahar günlerinde gök otluga bürenen we salkyn dag howasy bolan türkmen tebigatynyň bu ajaýyp künjekleriniň biriniň ajaýyplygyny doly derejede duýmaga mümkinçilik berer.

Her bir tarapynda iki sany hereket ediş zolagy we 4,5 kilometrden sähel azyrak uzynlygy bolan bu ýol öz tehniki häsiýetnamalary boýunça şular ýaly desgalara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär. Ýoluň 9 gatdan, şol sanda çagyl, dokalmaýan geosintetiki materialdan, çagyl-çäge garyndysyndan, bitumdan we gönüden-göni asfaltly betondan gurlandygyny aýdyp geçmek ýeterlikdir. Ýoluň ugrunda ähli zerur inženerçilik ulgamlary, şol sanda suw sowujylar, bu ýerde oturdylan agaç nahallaryny damjalaýyn suwarmak üçin zerur bolan zatlar, ýol hereketini guramagyň tehniki serişdeleri üçin elektrik üpjünçiligi, ýol hereketini dolandyrmagyň özbaşdak ulgamy we daşky yşyklandyryjylar çekildi, käbir ýerlerde ýoly çägeden goraýan geogözenekler göz öňünde tutuldy. Bulardan başga hem döwrebap awtomobil duralgalary we awtomobil goýulýan ýerler bar. Ýol belgileri döwrebap berk serişdelerden ýasaldy.

Ýokarda ýatlanyp geçilişi ýaly, täze awtomobil ýollarynyň gurulmagy we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ýurdumyzda döwrebap awtoulag düzümini döretmegiň möhüm ugrudyr. Bu wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzyň depginli ösýän, her günde täze awtomobiller bilen baýlaşýan pýatagty üçin aýratyn möhümdir, munuň özi öz nobatynda türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň we abadançylygynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu ugurda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, olar ýakyn geljekde ägirt uly peýda getirer.