Ï ÖJIÝEWLERIŇ MAŞGALA GYMMATLYKLARY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÖJIÝEWLERIŇ MAŞGALA GYMMATLYKLARY

view-icon 956
Mary etrabynyň Altyn asyr geňeşliginde “Öji” hususy atçylyk hojalygy ýerleşýär. Öjiýewleriň maşgalasynyň nesliniň birnäçesiniň ömri bu möhüm we jogapkärli işe bagyşlandy.

Bu hojalygy esaslandyryjy Ýazberdi Öjiýew ata ilkiji gezek 1935-nji ýyjda, heniz mekdep ýaşynda aty eýerledi. Öz çagalaryny hem bu akylly jandar hormat goýmak we söýmek ruhunda terbiýeledi. Olara nusgalyk athanany ýadigärlik galdyrdy. Häzirki wagtda bu athanada onlaraça atlar, taýlar saklanylýar. Bu bedewleriň köpüsi at çapyşyklaryna gatnaşyp, öz eýelerine şöhrat grtirdiler. Hususanda, Meleper, 1988-nji ýylda Aşgabat-Moskwa atly ýörüşine gatnaşyjy hökmünde, Russiýanyň paýtagty Moskwanyň Gyzyl ploşadyna öz çapyksuwaryny – Aşgabadyň atçylyk mekdebiniň seýsi Bekmyrat Babaýewi ilkinji bolup eltdi.

Häzirki wagtda “Öji” atçylyk hojalygyny meşhur atşynasyň nesli Jumaberdi we Suhanberdi alyp barýarlar. Ýaş nesliň wekilleri Agamyrat we Maksat hem atçylygyň gizlin syrlarynyň ählisini diýen ýaly bilýärler hem-de goşun gullugyndan gaýdyp gelenlerinden soňra maşgalanayň bu işini dowam etdirmegi maksat edinýärler. Iň kiçileri – ikinji synp okuwçysy Ýalkapberdi eýýämden çapyksuwaryň wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmegi başarýar.

Öjiýewleriň işine hormat bilen garaýan obadaşalarynyň köpüsi bu maşgala ýakyndan kömek berýärler. Ýöne atlary idetmakde esasy işleri, bu ugurda ýeterlik bilime, şol sanda gerek bolan halatynda Mary şäheriniň eteginde ýerleşýän döwlet athanasynyň hünärnenleri bilen maslahatlaşyp, weternariýa we beýleki hyzmatlary maşgalanyň özi ýerine ýetirýär.

Her bir atşynasda atlaryň durmuşynyň döwürleri boýunça iýmitlendirmegiň öz usullary bar. Onuň bedeniniň gurluşyny we agramyny nazara almak bilen, şeýle hem nobatdaky at çapyşygy bilen bagly agram – haçan süläni artdyrmaly, haçan ony azaltmaly, ony käşirli ýag we ýumurtga, balyk ýagy goşmak bilen çalşyp, haçan doly gurak iýmite geçmeli ýaly usullary bar. Jogapkärli at çapyşyklaryna taýýarlyk elmydama alnyp barylýar. Ýöne esasy döwür – at çapşygyna bir hepde galanda, at çapyşygyna üç gün galanda bolsa, aýratyn ünsli bolmaly.

Öjiýewleriň maşgala hojalygynyň atlary welaýat at çapyşyk günlerine jogapkärçilikli çemeleşýärler, athananyň “ýaşaýjylarynyň” arasynda “söweşjeň kontingentiň” ýokdugy mese-mälim duüulýar. Olar Murgap sebitleriniň atçylyk hojalyklarynyň köpüsi bilen bir hatarda durýan welaýat atçylyk sport toplumynda ýerleşýär. Bu ýerde olar häzirki ýazky möwsümiň her bir at çapyşyk gününe gatnaşmak üçin ýokary derejede idetmäge we saklamaga üpjün edilendir.

Öjiýewleriň maşgalasynda hasap edilşi ýaly, häzirki wagtda ýurtda atçylyk zawodlarynyň işini köp taraplaýyn ösdürmäge giň mümkinçilikler açylýar.