Ï Demirgazyk Goturdepe: Türkmenistanyň energetika babatdaky mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýolundaky ýene-de bir ädim
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demirgazyk Goturdepe: Türkmenistanyň energetika babatdaky mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýolundaky ýene-de bir ädim

view-icon 791
“Türkmennebit” Döwlet konserniniň hünärmenleri tarapyndan Demirgazyk Goturdepe ýatagynda burawlanan 204-nji gözleg guýusynda nebitiň senagat derejesindäki güýçli akymy alyndy. Burawlaýjylaryň Hazar deňziniň ýalpak ýerinde burawlan guýusynyň çuňlugy 4865 metre barabardyr, nebitli gatlak 4815-4834 metr aralygynda ýüze çykaryldy.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýerasty guýy çylşyrymly traýektoriýasy bilen tapawutlanýar: ilki guýy dikligine, soňra eňňitleýin – bellenilen ugur boýunça, keseligine garanyňda 53 gradus burçuň astynda burawlandy. Şunda gapdal tarapynyň boýy Günbatar Türkmenistan üçin ozal görlüp-eşdilmedik derejä -- 1202 metre ýetdi. Ozal bu ýerde guýulary eňňitleýin burawlamakda 300 metrden aňry geçilmeýärdi.

Häzirki wagtda 204-nji guýuda onuň önümliligini kesgitlemek üçin barlag işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň deňizdäki böleginde gurlan 147-nji guýyny synagdan geçirmegiň barşynda her gije-gündizde “gara altynyň” 800 tonnasy, 37-nji guýyda bolsa – 730 tonnasy alnandygyny bellemek bolar.

Umuman alanyňda, bularyň ählisi Hazaryň türkmen bölegindäki ýalpaklykda we kenarýaka zolakda örän uly mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär hem-de bilermenleriň ýurdumyzyň ýataklarynda nebitli we gazly gatlaklaryň bardygy hem-de degişlilikde, ýangyjyň täze baý ýataklarynyň açylmagynyň mümkinçiligi baradaky çaklamalaryny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak we çig mal binýadyny pugtalandyrmak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy boýunça kesgitlenen we ileri tutulýan wezipeleriň hataryna goşulýar. Şunda günbatar sebitden nebitgaz çykaryjy senagaty mundan beýläk-de ösdürmiegiň mümkinçilikleri esasan Hazar deňzindäki ýangyç gorlaryny, şeýle hem uglewodorod serişdeleriniň has çuň ýerleşýän ýataklaryny özleşdirmek bilen baglydyr.

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Germaniýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, hususan-da, guýulary 4-7 kilometre çenli çuňlukda burawlamaga mümkinçilik berýän täze tehnikasy we enjamlary bilen üpjün edilen düzümleri şu ugurda giň gerimli işleri ýaýbaňlandyrdylar. Gündogar Çeleken, Demirgazyk Goturdepe ýataklarynda we günorta-günbatar meýdançalarda gurlan çuň we has çuň guýular diňe bir bularyň geologik taýdan gurluşyny takyklamaga däl-de, eýsem ýurdumyzyň çäginde ýangyjyň gorlarynyň ep-esli möçberde artdyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Ýeri gelende, Balkanyň burawlaýjylary tarapyndan ýokary netijeli, serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary ulanmak, şol sanda elektrik energiýasy arkaly burawlamak, eňňitleýin we dikligine gönükdirilen guýulary gurmak boýunça baý tejribäniň toplanandygyny bellemek gerek, munuň özi önümli gatlaklardan ýangyç çig malynyň alnyşyny ep-esli möçberde artdyrmaga we mundan başga-da, kiçeňräk we ýetilmesi kyn ýataklary özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Ýakyn wagtda Hazaryň kenarýaka zolagynda eňňitleýin usul arkaly 205-nji we 206-njy gözleg –barlag guýularyny burawlamak göz öňünde tutulýar. Galyberse-de, eýýäm açylan nebit-gazly ýataklary özleşdirmek üçin ýerasty ulanyş guýularynyň birnäçesi guruldy.

Diýmek, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hataryna goşulýan Türkmenistanyň ýangyja örän baý gorlarynyň toplumlaýyn we netijeli ulanylmagyna gönükdirilen energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda ýene-de bir ädim ädiler.