Ï Ýangyç-energetika toplumynyň tehniki parkynyň üsti ýetirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýangyç-energetika toplumynyň tehniki parkynyň üsti ýetirilýär

view-icon 798
“Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň ygtyýaryna daşary ýurtdan ýük ýüklenýän täze demir ýol wagonlary gelip ugrady. Ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty ministrligi üçin ýöriteleşdirilen ulag tehnikasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda getirilýär.

Ýüküni özi düşürýän wagonlaryň birinji tapgyry “Marygazgurluşyk” edarasyna iberildi. Bu wagonlar çagyl, kerpiç, asfalt we awtomobil ýollaryny, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň nebitgaz ýataklarynda önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly dürli desgalary gurmak üçin zerur bolan beýleki materiallary daşamaga niýetlenendir.

Ýangyç-energetika toplumyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan täzeden üpjün etmek, innowasion tehnologiýalary, döwrebap tehnikany we enjamlary ulanmak “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamanyň” möhüm jähetleri bolup durýar. Şuňa degişli wezipeleri berjaý etmek ýurdumyzda, şol sanda Amyderýa sebitinde, Merkezi Garagumda, nebitli we gazly beýleki ýerlerde täze ýangyç ýataklaryny senagat taýdan çalt depgin bilen özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglylykda örän möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Häzirki wagtda Mary welaýatynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz ýatagynda gazy gaýtadan işleýän zawod, çykarylýan uglewodorod çig malyndaky kükürdi aýyrmak we harytlyk gazy taýynlamak boýunça desga, ulanyş guýulary, önümçilik düzümine degişli beýleki desgalar ulanmaga bermek üçin taýýarlanýar. Mälim bolşy ýaly, bu ýatakdaky abraýly halkara bilermenler tarapyndan tassyklanan ýangyjyň gorlary 26,2 trillion kubmetr gaza barabardyr hem-de ol dünýäde iri ýataklaryň biri bolup durýar. Lebap welaýatynda Türkmenistan – Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň çig mal binýady diýlip hasaplanýan “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkdäki ýataklary özleşdirmek boýunça işler çalt depgin bilen dowam etdirilýär.

Geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kubmetre barabar bolan hem-de ýurdumyzdaky ähli iri ýataklary “mawy halka” birleşdirjek “Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň sazlaşykly depginde ösýän milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmak boýunça uly möçberli meýilnamalary bilen şertlendirilendir. Uzynlygy 1 müň kilometre golaýlaýan täze gaz geçiriji Mary we Ahal welaýatlarynyň çägi boýunça çekiler we Balkan welaýatynda “Belek” gaz gysyjy beket bilen birleşdiriler. Onuň ulanmaga berilmegi netijeçinde gazy halkara energetika bazarlaryna eksport etmek üçin goşmaça mümkinçilikler dörär.

Umuman alanyňda, bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň örän baý ýangyç gorlarynyň doly möçberde özleşdirilmegine gönükdirilen energetika strategiýasynyň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam bermelidir.