Ï Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin tehnika
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin tehnika

view-icon 1224
Lebap welaýatynyň daýhan birleşiklerine „Сase“ kompaniýasynyň Puma 155 kysymly traktorlarynyň 14-si gelip gowuşdy. Ýurduň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň oba hojalyk ulgamynda iş alyp barýan daşary ýurt maşyngurluşyk kompaniýalary bilen, şol sanda „Сase“ bilen hem, gönüden-göni hyzmatdaşlyk tejribesi soňky ýyllarda giň ýaýrawa eýe boldy.

Oba hojalyk ekinlerini öndürijilere getirilen traktorlar ekin meýdanlarynda işe başlady. Hereketlendirijisiniň kuwwatlylygy 142 at güýjünden 193 at güýjüne çenli bolan oba hojalyk maşynlary ýerli toprak howa şertlerinde zerur bolan işleri – ekişiň öň ýüzündäki işleri, kultiwasiýany, ekişi, ýük daşamagy we beýleki işlery ýerine ýetirmäge ukyplydyr.

Özgertmeleriň çäklerinde daýhan birleşikleri, hojalyklary, paýdarlar jemgyýetleri we hususy telekeçiler üçin on ýyllyk möhlet bilen 1 göterimli berilýän ýeňilleşdirilen karz puluň çäklerinde tehnikalary edinmäge şertler döredilendir. Mundan hem başga, türkmen oba hojalyk ekinlerii öndürijilere tehnikalar ulanmakda ýurduň ähli ýerlerinde döredilen hyzmzt ediş gulluklarynyň hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýan okatmak we ýokary hilli abatlamak hyzmatlary kepillendirilendir.

“Сase”kompaniýasynyň täze tehnikalarynyň we işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda geçirilen bu çärä kompaniýanyň wekilleri hem-de ýurduň oba hojalyk toplumynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanda “Сase” kompaniýasna 1999-njy ýyldan bäri ХО “IPС Agri” wekilçilik edýär, Bu kompaniýanyň hyzmat ediş merkezleri Aşgabatda, Tejende, Maryda, Daşoguzda, Türkmenabatda, Serdar şäherlerinde ýerleşýär.