Kabul edilen „2013-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň elektroenergetikasyny ösdürmegiň maksatnamasy“ ýurduň senagatynyň we bütin ykdysadyýetiniň binýat görkezijisi bolan elektroenergetika pudagynyň wagtyndan öň ösdürilmegine gönükdirilendir.
ýyllaryň dowamynda önümçilik kuwwatlylygy ep-esli artdyrylan Türkmenistanyň energiýa ulgamynyň esasynda, Marynyň DES başga, enjamlaryň täze nesli bilen üpjün edilen kuwwatly elektrik stansiýalarynyň birnäsi hereket edýär. Şeýle desgalar Aşgabatda, Balkanabatda, Daşoguzda, Ahal, Lebap welaýatlarynda we „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynda ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýurduň energo ulgamynyň düzüminde elekktrik stansiýalarynyň 10-sy we gazturbinalaryň 32, olaryň 14-si bug, 15-si gaz we 3-si bolsa suw bilenişleýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurtda 1700 mWt energiýa öndürýän kuwwatlyklar artdyryldy. Iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli we ygtybarly enjamlary, dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny peýdalanmak bu ugry ösdürmegiň baş ýörelgesi bolup durýar.
Häzirki zaman energiýa önümçilik kuwwatlyklary diňe bir Türkmenistanyň halkyly we durmuş böleklerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmän , eýesem goňşy ýurtlara elektrik energiýasyny iberilmegini hem üpjün edýär. Häzirki wagtda ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň ep-esli bölegi Eýrana, Owganystan we beýleki ýurtlara iberilýär.
2020-nji ýyla çenli sebitleri durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň Milli maksatnamasynda uzak ýerlerde ýerleşýän obalarda 24 müň kilometrden gowrak elektrik geçirijileri çekmek göz öňünde tutulýar. Diňe 2013-nji ýylyň birinji çärýeginde bu maksatnamanyň çäklerinde 351 kilometr elektrik geçirijiler çekildi. Ýylyň dowamynda müň kilometrden gowrak elektrik ulgamlary ulanylmaga berilýär.
Türkmenistanyň elektro-energetika pudagyny ösdürmegiň Maksatnamasyny iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar: birinji tapgyr -2013-2016-njy ýyllar, ikinji tapgyr -2017-2020nji ýyllary öz içine alýar. Birinji tapgyrda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň 8-ni gurmak, Seýdi, Balkanabat we Abadan şäherleriniň elektrik stansiýalarynyň durkuny täzelemek, şeýle hem ýokary woltly elektrik geçirijilerini çekmek göz öňünde tutulýar. Bu 2016-njy ýylda elektrik energiýasynyň öndürilişini iki essä golaý artdyrmaga mümkinçilik berer. Ikinji tapgyrda elektrik stansiýalarynyň ýene-de 6-ny gurmak, gazturbina stansiýalaryny kombinirlenen usulda dolandyrmaga geçmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa tebigy gazy goşmaça gazyp almasyzdan energetika kuwwatlyklary artdyrmaga mümkinçilikleri döreder.. Howa elektrik geçirijilerini gurmaklyk dowam etdiriler.
Umuman, 2020-nji ýyla çenli elektrik energiýasy pudagynyň ösdürilmegine 5 milliartdan gowrak ABŞ-niň dollaryny maýa goýmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Türkmenistan daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini 5 esse artdyrmagy meýilleşdirýär.