Ï Senagatyň öňdebaryjysynyň täze desgalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Senagatyň öňdebaryjysynyň täze desgalary

view-icon 943
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçilik we durmuş ähmiýetli desgalaryň birden üçüsi işe girizildi.

Olaryň hatarynda 16-njy abatlaýyş mehaniki sehiniň täze önümçilik binasyny, zawodyň merkezi barlaghanasy üçin 4-nji sehiň düýpli abatlanan öňki edara jaýyny hem-de TNGIZT häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän durky täzelenen çagalar bagyny görkezmek bolar.

Meýdany iki mün inedördül metrden gowrak bolan önümçilik binasynyň gurluşygy TNGIZT „Türkmengündogarnebitgurluşyk“ trestiniň „Türkmenobasenagattaslama“ taslama-önümçilik kärhanasy bilen bilelikdäki buýurmasy esasynda alnyp barylýär.

Täze binanyň içine häzirki zaman tokarçylyk enjamlary, galdyryjy mehanizmler, elektrik şit oturdyldy; elektrik bilen kebşirleýji nokatlary, argon kebşirleýjisi, plazma kebşirleýjisi we kesiji, list egreldiji we beýleki ýerleri enjamlaşdyryldy. Iş orunlarynda TNGIZT meýilnama-duýduryjy abatlaýyş we tehnologiki enjamlara gyssagly hyzmat ediş hem-de gurluş hojalygyny gowy hilli üpjün etmek üçin ähli şertler döredilendir.

Merkezi zawod barlaghanasynyň öňdebaryjy tilsimatly düýpli abatlanylan binasynyň açylmagy nebiti gaýtadan işleýän kärhanasyny uly göwrümli döwrebaplaşdyrmagyň bir bölegi we çig mallaryň hem-de öndürilýän önümleriň hiline tehniki gözegçiligi kämilleşdirmegiň çäresi bolup durýar. Gulluk otaglary we ýöriteleşdirilen barlaghanalar dünýäniň iň gowy önüm öndürijileriniň sanly gözleg we analitiki enjamlary bilen üpjün edilendir.

Desgalaryň ulanylmaga birilmegi mynasibetli nebiti gaýtadan işleýjiler tarapyndan guralan esay dabaralar şäherde – öz gapylaryny myhmanlar üçin giňden açan zawodyň 3-nji çagalar bagynda geçirildi. Bu geçirilen dabaralar çagalar bagynyň çagalary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bu ýerdäki zatlaryň ählisi – diwaryň ýüzüne çekilen söýgüli ertekilerindäki suratlardan başlap çagalar otaglarynyň mebellerine çenli, oýun otaglatynyň enjamlaşdyrylmagy, naharhana, aşhana – hemmeleri begendirdi hem-de çagalaryň sazlaşykly ösmeklerine, boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri we doly bahaly dynç almaklaryna doly laýyk gelýär.