Ýurduň sebitleri öňde duran bugdaý oragyna taýýarlyk görýärler. Bu barada biziň ýerli habarçylarymyz ýerlerden habar berýärler
Bol hasyl ösdürilip ýetişdirilen Mary welaýatynda bugdaý oragynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu ýerde ösüş suwlarynyň, maýsalary dökünler bilen öz wagtynda iýmitlendirilmegi maýsalaryň tiz ösmegine ýardam etdi.
Şu günler „Türkmenobahyzmat“ Döwlet birleşigi galla orujy tehnikalary möwsüme taýýarlamakda tehniki hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Mary welaýatynda „Keýs“, „Jon Dir“, „Nýu Holland“ ýaly kombaýnlaryň 444-si taýýarlyk hatarynda goýuldy. Orak möwsüminiň guramaçylykly we üznüksiz alnyp barylmagy üçin gerek bolan enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary, gyssagly aragatnaşyk enjamy bilen üpjün edilen ýörite topar döredildi. Bularyň ählisi tehnikalarda garaşylmadyk ýagdaýda näsazlyklar ýüze çykan ýagdaýynda olary meýdan şertlerinde düzetmäge mümkinçilik berýär. Kepillendirilen hyzmatlar boýunça ýöriteleşdirilen merkezleriň hünärmenleri hem öz hyzmatlaryny hödürlemäge taýýar. Kärendeçi gallaçylar kuwwatly tehnikalar işledilende päsgelçilikleriň bolmazlygy üçin ekin meýdanlarynyň töwereginde tekizlew işlerini alyp barýarlar. Galla oragy möwsüminde meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýanlaryň hemmesi üçin gyzgyn nahary guramak we beýleki oňaýly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Mary welaýatynyň “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginiň hünärmenleri tarapyndan ammar hojalyklaryna gerek bolaýn ýagdaýda abatlaýyş işleri geçirilýär, galla kabul ediş nokatlaryndaky terezi enjamlary gözden geçirilýär. Olaryň her biri “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň işgärleriniň gelip gowuşýan bugdaýlaryň hilini kesgitlemek üçin barlaghana bilen üpjün edilendir. Ýygnalan hasyly daşamak üçin ulag kärhanalary bilen şertnama baglaşmak işleri tamamlanyp batýar. Däp bolşy ýaly, bu maksatlar üçin hem döwlet ulag kärhanalary, hem husususy ulag eýeleri hem çekilýär. Şunlukda galla oragy möwsüminde dänäni daşamakda uly ýük göterýän ýörite enjamlaşdyrylan awtoulaglar ulanylýar.
Günüň barha gyzmagy bilen, Lebap welaýatynda bugadaý has çalt ösüşlere eýe bolýar. „Türkmenobahyzmat“ Döwlet birleşiginiň welaýat bölüminiň ussahanalarynda galla orujy tehnikalaryň ählisi taýýarlyk hatarynda goýuldy. Lebap welaýaty boýunça öňde duran galla oragynda kombaýnlaryň jemi 381-si işlediler, olaryň 204-si „Jon Dir“, 117-si „Keýs“ we 60-sy „Klass“ kombaýnlarydyr. Olara 175 müň gektar meýdandan hasyl ýygnamak işleri garaşýar.
Tehnikalary möwsüme taýýarlamak işleri öňünden başlandy. Talapnamalara laýyklykda, gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary merkezleşdirilen tertipde getirildi. Ätiýaçlyk şaýlaryň bir bölegi „Türkmenobahyzmat“ Döwlet birleşiginiň Türkmenabat tejribe-synag mehaniki kärhanasynyň işgärleri tarapyndan taýýarlanyldy. Bu kärhana 60 sanydan ybarat bolan stanoklara, hususy demir guýujy önümçilige, ýokary hünärli inženerlere we işçilere eýedir. garaşsyzlyk ýyllary içinde bu ýerde galla ýygnaýjy tehnikalaryň toplaýjy enjamlarynyň onlarça görnüşi taýýarlanyldy we gaýtadan dikeldildi. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Türkmenabadyň tejribe-synag mehaniki kärhanasynda galla oragy möwsüminde çalşykly nobatçy toparlaryň ikisi dörediler. Tejribeli we başarjaň demir ussalary, frezerçiler, ussalar we kebşirleýjiler bu toparlaryň her biriniň düzümine giriziler. Buýurmalaryň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmak üçin, olaryň ählisini hem gyssagly ýerine ýetirmeli, kärhanada hereket edýän enjamlaryň ätiýaçlyk binýady döredilýär.
Galla orujy tehnikalar geçen ýylyň otagyndan soň „Türkmenobahyzmatyň“ welaýat bölüminiň gurluşyk kärhanalary tarapyndan soňky ýyllarda gurlan giň teläriň aşagynda ýerleşdirildi. Bu ýere yşyk hem-de kebşirleýiş işlerini ýerine ýetirmek üçin elektroşit çekildi. Bu telär gymmat bahaly daşary ýyrt tehnikalaryny ýagyndan ygtybarly goramaga şert döretdi, onuň aşagynda zähmet çekmäge oňaýly boldy.
Bu işlere „Türkmenobahyzmatyň“ welaýat bölüminiň ussahanalarynyň abatlaýjylary we kombaýnçylary bilen welaýat hyzmat ediş merkezleriniň inžener-mehanikleri hem gatnaşdylar. Galla oragynyň gyzgalaňly döwründe bu hünärmenler etraplarda - kombaýnlaryň işledilýän ýerlerinde bolarlar. Inžener-mehanikleriň awtoulaglary elektron, elektrik we gidrawliki bölekleri boýunça galla orujy tehnikanyň çylşyrymly zaýalanan ýerlerini abatlamak üçin kebşirleýji enjam, kompressor, diagnostiki abzallar, gurallar toplumy bilen üpjün edilendir.
Galla oragy barha ýakynlaşyp gelýär. Däp boşy ýaly, orak möwsümi Lebapdan başlanar. Beýleki welaýatlarda bolşy ýaly, önümçilik maslahaty geçiriler. Onda öňde duran güýzki däne oragynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Ahal welaýatynda galla orujy tehnikalar, elewatorlar, bugdaý kabul ediş nokatlary möwsüme taýýarlanylýar. Öňde duran orak möwsümine „Türkmenobahyzmat“ Döwlet birleşiginiň etrap kärhanalary 497 sany galla ýygnaýjy kombaýnlary we beýleki gerek bolan tehnikalary taýýarlamagy göz öňünde tutýarlar. Ahal welaýatyn bugdaý jemi 225 müň gektar meýdana ekildi. Ýerlerde öňde duran möwsümde tehnikanyň ýerlikli peýdalanylmagy üçin tertibi işlenilip taýýarlanylýar.
Welaýatyň daýhan hojalyklarynyň köpüsinde ekinler „hasyl“ suwy diýlip atlandyrylýan nobatdaky suw tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ekin meýdanlarynda bugadyň iň gowy görnüşleriniň altysy ösdürilip ýetişdirilýär. Toplumlaýyn agrotehniki çärelerini geçirmek dowam etdirilýär. Orak möwsümi barha ýakynlaşyp gelýär. Şonuň üçin hem galla oragyna taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar.

* * *