Şu gün Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeşiň birinji mejlisi geçirilip, onda bu düzümiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere we guramaçylyk meseleleriň birnäçesine garaldy.
Mälim bolşy ýaly, statistika boýunça milli ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony ösdürmegiň strategiki ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem “Statistika hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işini guramak maksady bilen, şu ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara geňeş hakyndaky Düzgünnamany we onuň düzümini tassyklady.
Mejlisde Pudagara geňeşiň esasy wezipeleriniň statistikanyň usulyýetine degişli pudagara meseleleri kadalaşdyrmak we döwlet statistikasyny guramak boýunça maslahatlary işläp düzmekden, pudak edaralarynyň statistikasyny ýöretmegiň meýilnamalaryna garamakdan, pudaklaryň arasynda statistika baradaky maglumatlary alyşmak boýunça usulyýetleriň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam bermekden ybarat bolup durýandygyny bellemeli. Şeýle hem geňeşiň işi bitewi statistiki klassifikasiýalary ulanmak boýunça pudagara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, maglumatlaryň bitewi ulgamlarynyň döredilmegine, maglumatlary toplamagyň we işläp taýýarlamagyň döwrebap tehnologiýalarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Pudaklarda statistikanyň ýöredilmeginiň meýilnamalaryna, şeýle hem pudak edaralarynda statistiki hasabatlylygyň täze görnüşlerine garamak hem-de olara üýtgetmeleri girizmek boýunça maslahatlary işläp taýýarlamak Pudagara geňeşiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.
Geňeşiň mejlisinde döwlet we pudak edaralarynyň statistikasyna degişli maglumatlaryň toplanmagyny rejeli utgaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi boýunça maglumatlary toplaýan ministrliklere we pudak edaralaryna özleriniň statistika degişli hasabatlylygyň görnüşlerini tükellemegi teklip etmek makul görüldi. Şeýle hem şolaryň döwlet statistika hasabatlylygyna degişli görnüşleri bilen arabaglanyşygyny öwrenmegiň hem-de 2014-nji ýyl üçin pudaklaýyn statistika degişli meýilnamalaryň taslamalaryny taýýaralmagyň möhümdigi bellenildi.
Maglumatlar – aragatnaşyk tehnologiýalaryň ösmegi bilen, elektron göterijilerdäki ilkinji statistiki maglumatlaryň toplanmagyny göwnejaý ýola goýmak boýunça toplanan tejribe we şuňa degişli mümkinçilikler möhüm ähmiete eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda pudaklaryň arasynda statistiki maglumatlary alyşmak baradaky ylalaşyklary baglaşmak boýunça ýeterlik tejribe toplanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ylyň 6-njy iýulyndaky Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, şol ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maglumatlar toplumlarynda bar bolan maglumatlaryň elektron görnüşini işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, Pudagara geňeşde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine baha bermek bilen bagly maglumatlary toplaýan esasy ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan maglumatlaryň toplumlarynyň elektron görnüşini taýýarlamagynyň maksadalaýykdygy baradaky meselä garaldy we oňlanyldy.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň arasynda şu ugra degişli hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, statistika degişli maglumatlar bilen üpjün etmek, ylmy-usulyýet meseleleri boýunça tagallalary birleşdirmegiň, ylmy we amaly maslahatlara, seminarlara gatnaşmagyň netijeli boljakdygy bellenildi.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Statistika boýunça pudagara geňeş tarapyndan kabul edilen maslahat beriji çözgütleri amala aşyrmagyň statistika boýunça milli ulgamyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegine ýardam berjekdigini aýtdylar.