Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 632
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtomobil benzinini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, ABŞ-dan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler bolsa tehniki uglerody we tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar. Daşary ýurt walýutasyna dürli ölçegdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, erkek adamlaryň jinsi balaklary, boýalan tüýjümek önümler, aşgarlanan tüýjümek mata, nah ýüplük, pagta süýümi, agardylan pagta süýümi, pagta galyndysy, ýagly çig kislotalar hem ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Hytaý, Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Gazagystan, Belarus, Azerbaýjan boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 69 million 305 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri arassalanan pagta ýagyny, matany we nah ýüplügi, garaköli goýunlarynyň ýuwlan ýüňüni, nah ýüplüginiň we trikotaž matanyň galyndylaryny, ýüplügiň galyndylaryny satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 7 million 56 müň manatdan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri trikotaž önümlerini, süýümli ulýugy, gurluşyk tehnikasyny we gurluşyk materiallaryny satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 921 müň 806 manada deň boldy.