Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 696
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Biritaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, kerosini (uçar, yşyklandyryş we tehniki) satyn aldylar. Mundan başga-da Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň toplumynyň önümi bolan göni arassalaýyşdan geçen benzini satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna dürli ölçegdäki tekiz reňklenen we tüýjemek polotensalar, dürli görnüşli dokma önümleri, nah ýüplükleri, agardylan pagta süýümi, pagta linti, dokma önümçiliginiň galyndylary, çig ýagly kislotalar satyldy. Ony satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, BAE, Gazagystan, Ukraina we Lihtenşteýndir. Geleşikleriň umumy mukdary ABŞ-nyň 88 million dollaryna golaý boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 8 million manatdan gowrak bolan pagta we ösümlik ýagyny, dürli dokma önümlerini, nah ýüplükleri, saryjy goýunyň ýüňüni satyn aldylar.