Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, yşyklandyryş kerosini, ýangyç mazudyny satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna pagta süýümi, gara mallaryň we dowarlaryň derileri, ulýuk ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Lihtenşteýn, Owganystan. Geleşikleriň jemi ABŞ-nyň 50 million dollaryna barabar boldy.
Depozit manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Slowakiýanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 8 million manada deň bolan dürli dokma önümlerini, nah matany we ýüplükleri, ýüpek çig malyny satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi 472 müň manada barabar bolan polipropileni we ulýuk satyn aldylar.