Ï Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi

view-icon 896
Şu gün Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümine – galla oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýer eýeleriniň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirip, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 1-nji iýunda, Daşoguz welaýatynda bolsa 12-nji iýunda orak möwsümine başlamaga ak pata berdi.

Şuňa laýyklykda, şu gün Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler. Halkymyzyň asylly däbine eýerilip, galla oragyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygyny dileg edip, “Çäjiňe bereket!” diýen sözler bilen , bugdaýyň ilkinji desselerini ordular. Ýaşulularyň ak patasyndan soň, oraga kuwwatly kombaýnlar girişdiler.

Şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde 860 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda – 450, Mary welaýatynda – 380, Lebap welaýatynda –350, Daşoguz welaýatynda –300 we Balkan welaýatynda – 120 müň tonna däne ýygnamak wezipesi durýar. Galla meýdanlarynyň esasy bölegine bugdaýyň ýokary hasylly “Sähraýy”, “Ýolöten -1”, “Bitarap”, “Juwan”, “Türkmenbaşy” we “Türkmenbaşy -1”, “Batko”, “Ýubileýnaýa -100”, “Irişka”, “Wassa” we “Nota” tohumlary ekildi.

Şu ýyl ýurdumyz boýunça 2013-nji ýylyň orak möwsüminde “Саsе”, “New Holland”, “John Deere” we “СLAAS” däne orujy kombaýnlaryň 1880-den gowragy işlediler. Mehanizatorlaryň netijeli işlemegi üçin hemme zerur bolan şertler döredildi. Tehnikalara gije-gündizleýin hyzmaty, ýangyç-çalgy ýaglary bilen üpjünçiligi ýörite döredilen toparlar amala aşyrar. Mundan başga-da, orak möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin iş üstünde gyzgyn naharlaryň berilmegi, sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar.

Kabul ediş bölümleriniň 157-sine, şeýle hem ammarlara we elewatorlara bugdaýyň daşalyşyny 6660 töweregi ýük ulaglary, şol sanda – Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ulaglary üpjün eder. Orak möwsümine “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň wekilleriniň tabşyrylýan dänäniň hilini kesgitlejek barlaghanalary hem taýýar edildi. Gallaçylaryň “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklar “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleriniň üsti bilen öz wagtynda geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň iň gowy oba etraby diýen ady almak üçin bäsleşik yglan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň 12-nji aprelde gol çeken kararyna laýyklykda, durmuş-ykdysady ösüşde 2013-nji ýylyň netijeleri boýunça iň ýokary görkezijileri gazanmagy başaran etrap häkimliklerine ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde baýrak gowşurylar. Ýeňijiler birnäçe ugurlar, şol sanda, bugdaý we pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça kesgitlener. Bu hem häzirki orak möwsüminiň üstünlikli geçirilmeginde oňat höweslendirmeleriň biridir.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşleriniň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň, “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketli toprak” gazetleriniň redaksiýalarynyň her ýyl geçirýän däp bolan bäsleşigi hem öňdebaryjy gallaçy kärendeçileri, mülkdarlary, kombaýnçylary we ulaglaryň sürüjilerini mälim eder.

Welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmengallaönümleri”, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleriniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Suw hojalygy ministrliginiň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda orak möwsüminiň başlanmagyna bagyşlanan geňeş maslahatlary geçirildi.

Bu maslahatlaryň barşynda orak möwsümini guramaçylykly geçirmäge, oňa gatnaşýanlaryň takyk we sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatlara gatnaşanlar oba zähmetkeşleri barada edýän yzygiderli aladasy, Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine uly goşant goşýan ýer eýeleriniň mynasyp durmuşy we netijeli zähmet çekmegi üçin döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyna örän uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny hil taýdan täze derejä çykaryp, ykdysady taýdan gülläp ösýän döwlet hökmünde döwletimiziň alyp barýan ugruny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynda” bu babatda anyk wezipeler öňde goýulýar.

Milli Liderimiziň oba hojalyk pudagyny özgertmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň çäklerinde obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagynda we döwrebaplaşdyrylmagynda, daýhanlary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmeginde, meliorasiýa we suw bilen üpjünçiligi meseleleriniň çözülmeginde maksada gönükdirilen goldaw berilýär. Oba hojalyk toplumynyň zerurlyklary üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar, beýleki tehnikalar satyn alynýar. Ine, şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, mehanizatorlaryň ygtyýaryna Germaniýadan “Tuсano 430” kysymly däne orujy kombaýnlaryň ýene-de 300-si gelip gowşar.

Yzygiderli döwlet ösüşiniň nukdaýnazaryndan 2011-nji ýylda Türkmenistanyň öz taryhynda ilkinji gezek azyklyk bugdaýy daşary ýurtlara satmak mümkinçiligine eýe bolmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Şunda oba hojalygynyň gaýtadan işleýän ulgamynyň ösüşi möhüm orun tutýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde diňe soňky ýyllaryň içinde Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent, Ahal welaýatynyň Altyn asyr we Mary welaýatynyň Ýolöten etraplarynda 50 müň tonna, Kaka etrabynda 30 müň tonna dänäni saklamaga niýetlenen täze elewatorlaryň gurlandygyny aýtmak bolar.

Geçen ýylyň güýzünde Ahal welaýatynda çörek önümlerini öndürýän iri önümçilik toplumy we “Bereketli” söwda merkezi açyldy. Onuň düzümine 100 müň tonna däne saklamaga niýetlenen elewator we ýylda 80 müň tonna un öndürmek, şeýle hem gije-gündizde 40 tonna çenli çörek we çörek önümlerini öndürýän bölümler girýär. Gije-gündizleýin kuwwaty 48 tonna bababar bolan unaş we unaş önümlerini öndürýän bölüm Ýewropa kompaniýalarynyň, esasan hem Italiýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, kärhanada her ýylda un gaplamak üçin niýetlenilen haltalaryň 18 milliony öndürilýär. Şu ýylyň fewralynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Sarp obasynda, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda 50 müň tonna dänäni saklamaga niýetlenen elewatorly we kuwwaty ýylda 50 müň tonna un öndürmäge ukyply degirmeni bolan çörek önümlerini öndürýän iri kärhanalar işe girizildi.

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň buýrmasy boýunça iň täze enjamlar we önümçilik işini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy bilen enjamlaşdyrylan bugdaý saklamak hem-de un öndürmek boýunça täze kärhanalaryň gurluşygy häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dowam edýär. 2014-nji ýyla çenli gurluşygy özalky ýyllarda başlanlaryndakydan başga, umumy göwrümi 360 müň tonna däne saklamaga barabar bolan elewatorlaryň 8-si ulanmaga tabşyrylar.

Mundan başga-da, "Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" , “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň” we beýleki iri durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde türkmen obasynyň durmuşyny düýpgöter özgertmegiň iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Muňa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Gökdepe, Balkan welaýatynyň Bereket, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraplarynda, Lebap welaýatynyň Birata we Mary etrabynyň “Jemgyýet” geňeşliginde, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde örän ýakyn wagtda ulanmaga tabşyryljak iň döwrebap şäherçeler aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu günki şanly waka mynasybetli bugdaýly atyzlaryň başynda – orak möwsümine girişilmegine bagyşlanan dabaralaryň geçirilen ýerlerinde sergiler hem guraldy. Olarda oba hojalyk önümleriniň, çörek we çörek önümleriniň, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşleri görkezildi. Şeýle hem welaýatlaryň artistleriniň, aýdymçylarynyň, tans we halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy.