Ï TNGIZT-ň önümçiliginde polipropilen we geljekki özgertmeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TNGIZT-ň önümçiliginde polipropilen we geljekki özgertmeler

view-icon 928
TNGIZT öndürilýän önümleriň görnüşleri ýurtda öndüriliýän poliprepileniň esasynda, hususanda, bu ýerde polipropilen plýonkasyny öndürýän zawodyň gurluşygynyň hasabyna giňeldiler.

Ýurduň nebithimiýasynyň öňdebaryjysy bolan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda – ýokary oktantly benzinleri, ekologiki taýdan arassa dizel ýangyjyny, binýatlyk we harytlyk çalgy ýaglaryny işläp taýýarlaýan häzirki zaman tehnologiki enjamlar bilen bir hatarda iri göwrümli döwrebaplaşdyrmagyň geçirilmegi netijesinde polipropilen – ýokary hilli himiki çig malyny öndürýän zawod guruldy.

-Ji-Сi“ (Ýaponiýa) korporasiýasy tarapyndan gurulan polipropilen öndürýän zawod „Bassel“ (Italiýa) kompaniýasynyň tehnologiýalary esasynda işleýär. Zawodyň enjamlaryndan alynýan suwuklandyrylan gaz esasy çig mal bolup durýar. TNGIZT işlenilip taýýarlanylýan polipropilen halkara bazarynda „Türkmenplen“ ady bilen bellidir hem-de ol uly iselgden peýdalanýar. Ony Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Hytaý we beýleki ýurtlar uly iselg bilen satyn alýarlar. Polipropleniň eksporty kärnanayň işiniň girdejili böleginde möhüm orny eýeleýär. Diňe 2012-nji ýylda polipropleniň eksporty ABŞ-nyň 30 million dollaryndan gowrak bolandygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

wagtda bu toplumda list termoplastlaryny, polimer plýonkalaryny we polimer matalaryny taýýarlamak üçin süýmleri öndürmäge niýetlenen polipropileniň üç markasy (TРР D 30S, TРР F 79 FB, TРР D 382 BF) öndürilýär. Munuň bilen zawodyň mümkinçilikleri çäklenmeýär, polipropileniň dürli markalarynyň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçilikeri işlenilip taýýarlanylýar. Polipropilen awtomabil gurluşygynda, gurluşykda, ýeňil senagatda, gaplaryň önümçiliginde, polipropilen süýmlerini we süýmlik materiallarynyň önümçiliginde ulanylýar.

Häzirki wagtda öndürilýän polipropileniň gaýtadan işlenilmegine aýratyn üns berilýär. TNGIZT gurlan polipropilen haltalaryny öndürýän enjam taýýar önümleri gaplamak üçin zawody doly üpjün etdi. Şunlukda import ret edilip, ýurduň içerki bazarynda ýerlemek üçin haltalary öndürmäge mümkinçilikler döredi. Gurluşygyň taslama we enjamlary getirmek işleri „Venanko“ kompaniýasy (Şweýsariýa) tarapyndan ýerine ýetirildi. „Starlinger“ kompaniýasy (Awstriýa) polipropilenden matanyň önümçiligi üçin we gaplamak üçin enjamlary taýýarlaýjy bolup çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken „TNGIZT polipropilen plýonkalaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny tamamlamak hakynda“ Karary türkmen polipropileniniň peýdalanmagyna giň mümkinçilikleri berdi. Bu günki gün indoneziýanyň „РT ISTANA karang Laut“ kompaniýasy kuwwatlylygy 21 müň tonna bolan biomaksatly polipropilen plýonkalaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny alyp barýar. Şertnemenyň bahasy 31,7 mln. ýewrodyr.

Toplumda täze zawodyň ulanylmaga berilmegi bilen temmäki önümlerini, doňdurmany, margarini, sowgatlyklary, dokma önümlerini gaplamak üçin, şeýle hem dürli etiketkalary, ýelimli lentalary taýýarlamak üçin ulanylýan polipropilen plýonkalarynyň önümçiligi özleşdirildi. Bu günki gün nebiti gaýtadan işleýjileriň öňünde polipropilen önümçiligini artdyrmak we nebitiň agyr galyndylaryny giňden gaýtadan işlemek işlerini ornaşdyrmagyň hasabyna zawodyň kuwwatlylygyny ýylda 90-dan 250 müň tonna ýetirmek wezipesi durýar.