Şu gün Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesiniň geňeşliginde welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynda öňde goýlan wezipeleri göz öňünde tutmak arkaly ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda bu ýerde ýurdumyzyň täze senagat merkezini gurmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde gurlan döwrebap we durmuş maksatly binalaryň toplumy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu ajaýyp waka Türkmenistanyň welaýatlarynda adamlaryň ýaşaýşyny düýpgöter gowulandyrmak we türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ösdürilmegini üpjün etmek üçin döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegine içgin üns berilýändigini aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi.
Ýeri gelende aýtsak, iki ýyla golaý wagt mundan ozal – 2011-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Garlyk şäherçesiniň gurluşygyna badalga berildi. Bu ýerde gurlan täze 17 sany binanyň arasynda geňeşligiň edara jaýy, umumy bilim berýän we sport mekdepleri, medeniýet öýi, çagalar bagy, hassahana, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezi, aragatnaşyk bölümi, awtoulag terminaly, aýdym-saz merkezli uly seýilgäh, bankyň şahamçasynyň jaýy we beýlekiler bar. Garlyk şäherçesini gurmagyň Baş meýilnamasyna laýyklykda, gurluşygyň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan daşgary, suw arassalaýjy desgalar, stadion, et we et önümlerini, süýt we süýt önümlerini, süýji önümleri öndürmek boýunça kärhanalar, halyçylyk, tikinçilik, ýüň egriji bölümler we beýleki desgalar ulanmaga berler.
Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda Garlyk şäherçesiniň ajaýyp geljegi, tutuş Köýtendag etrabyny durmuş-ykdysady taýdan çalt depgin bilen ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, ýaş nesli sazlaşykly terbiýeläp ýetişdirmek, telekeçiligi, ýerli öz-özüňi dolandyryşy, medeniýet we bilim ulgamlaryny ösdürmek üçin diýseň berk binýadyň döredilendigini bellediler.
Milli we halkara derejeli iri maýa goýumly taslamalaryň amala aşyrylmagy baý tebigy gorlara eýe bolan Lebap welaýatynyň köp ugurly kuwwatyndan peýdalanylmagyna badalga berýär. Şol taslamalar dürli ugurlarda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumynda, energetika ulgamynda, dokma we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda üstünlikli amala aşyrylýar. Amyderýa sebitinde ýerleşýän hem-de “Türkmenistan — Hytaý” transmilli gaz geçirijisi üçin çig mal binýady bolup durýan täze ýangyç ýataklaryny mundan beýläk-de özleşdirmek, Garlyk şäherçesiniň ýanynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň birinji nobatdakysyny ulanmaga bermek, gurluşyk boýunça kuwwatlyklary ösdürmek, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ýakyn geljekde öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipelerdir.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan—Owganystan —Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygy örän möhüm ähmiýete eýedir, onuň gurluşygyna badalga berilmegine bagyşlanyp 5-nji iýunda geçirilen dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar. Täze demir ýol sebitleýin we halkara ulag düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrülmelidir. Şeýlelikde, bu demir ýol goňşy üç ýurduň we halklaryň bähbitlerine gulluk etmek bilen çäklenmän, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň ýörelgelerine laýyk gelýän özara peýdaly sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimize halkymyzyň abadançylygy barada ýadawsyz alada edýändigi, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, sebitdäki we dünýädäki ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýän syýasatyň ýöredilýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.