Ï Häzirkizaman medisina önümçiligi gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Häzirkizaman medisina önümçiligi gurulýar

view-icon 902
Daşoguzyň günorta-günbatar böleginde „Türkmenistanyň medisina senagatyny ösdürmekligiň 2011-2015-nji ýyllar üçin“ döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde zyýansyzlandyrylan ýara daňylýan zatlary çykarýan kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu häzirkizaman medisina önümçiliginiň gurluşygyny «Efor Insaat» türk kompaniýasyny alyp barýar.

Bintleri, sterilizirlenen bölejik hasalary we halkara talaplaryna doly laýyk gelýän başga önümleri çykarmaga ukyply häzirkizaman medisina önümçiligi ýylda kuwwatlylygy 13 million gaplary çykarmaga mümkinçiligi bar.

Täze önümçilikde 300 golaý iş orunlary dörediler. Bu desgany 2014-nji ýylyň sentýabrynda doly taýýar edip, ulanmaklyga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.