Ï Hereket etmegiň usuly – täze tehnologiýalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hereket etmegiň usuly – täze tehnologiýalar

view-icon 885
„Ýunus daýhan“ hojalygy oba senagat toplumynda ýurduň telekeçiligini ösdürmekde göreldeli hojalyklaryň biridir. Onuň düýbi 2006-njy ýylda tutuldy. Şol wagtlar Ýunus Abdyllaýew welaýatyň günortasynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň „Lebap“ daýhan birleşiginden tarp ýeri kärendesine aldy. Telekeçi bu ýerde tehnikany we adamlary işledip, bugdaý ekip başlady. Boýun alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi başardy. Iki ýyldan soňra bolsa Ý.Abdyllaýew öz hususy hojalygyny döretdi.


Daýhan hojlygy bankyň ýeňilleşdirilen karz pullaryna ýagyş görnüşinde suwarylýan enjamlaryny daşary ýurtdan satyn aldy. Lebap üçin täze bolan şeýle usul arkaly geçen ýyl güýzlük bugadaý her gektardan 40 sentnerden hasyl berdi. Şu ýyl Lebabyň günortasynda ýerleşýän Döwletli etrabynyň çäklerindäki tarp ýerlerde baglary ösdürip ýetişdirmek boýunça beýleki taslamanyň amala aşyrylmagyna garaşylýar.


- Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýurtda öba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karary giň göwrümli taslamalary amala aşyrmaga amatly mümkinçilikleri döredýär diýip, Ýunus Abdyllaýew gürrüň berýär. – mälim bolşy ýaly, bu möhüm resminama bilen banklara daýhan birleşiklerine we hojalyklara, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, mülkdarlara, kärendeçilere we oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna bary-ýogy ýyllyk 1 göterim bilen ýeňilleşdirilen karz pullaryny bermäge ygtyýar berildi. Bu serişdeler oba hojalyk tehnikalaryny, abzallary we enjamlary, şeýle hem suw tygşytlaýjy tehnikalaryny, enjamlaryny, suwaryş suw geçirilerini 10 ýyl möhlet bilen ulanyş möhletinden ugur alyp her ýylda deň paýlar bilen gaýtaryp bermek şertinde satyn almaga bölünip berilýär. Maliýeleşdirmegiň şeýle oňaýly şertleri mundan beýläk hem çalt depginler bilen ösmäge giň mümkinçilikleri açýar hem-de oba hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ýokary netijeliligini, halkyň abadnçylygynyň ýokary bolmagyny üpjün edýär, Biziň daýhan hojalygymyz hem bankyň ýeňilleşdirilen karz puluny almagy meýilleşdirýär.

Telekeçileriň beýleki bir esasy pudagy – guşçulygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça uly meýilnamalary bar. Hojalyk ýeňilleşdirilen esaslarda ep-esli karz puly aldy. Bu serişdelere daşary ýurtdan gerek bolan daşary ýurt enjamlary, şeýle hem golland tohumy bolan haý-laýn ýumurtga guzlaýan üç aýlyk ene towuklaryň bäş müňüsi satyn alyndy. Şeýlelik bilen, welaýatda senagat esasynda ilkinji guşçulyk fermasy döredi.