Ï Ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin

view-icon 775
Ýylyň başyndan bäri „Aşgabattaslama“ institutynyň taslamalary esasynda „Aşgabatýolgurluşyk“ kärhanasynyň güýji bilen paýtagtymyzyň üç sany uly ýolunda durkuny täzelemek işleri geçirildi.

Iýun aýynyň başynda Andalip köçesiniň 783 metr uzynlygy bolan bölegi, ýagny Şewçenko köçesinden Gurbansoltan eje şaýoly aralygynyň awtoýoly 20 metre çenli giňeldilip, ol alty zolakly boldy. Magtymguly şaýolynda Kemine we Azady köçeleriniň kesişýän ýerlerinde bökdençsiz berjaý edilýän çylşyrymly ýol hereketiniiň bolmagyny üpjün edýän saga tarap öwrüm hem gurnaldy. Durkuny täzelemek işleri netijesinde şäheriň esasy köçelerinde awtoulag gatnawlarynyň dartgynly wagtynda hem ulag gatnawlary ýeňilleşdi.

Ýollarda howpsuzlygy üpjün etmäge täze beýik „yşyklandyryjylar“ hem ýardam edýär. Demirden berk ýasalan sekizburçly sütünler ýoluň iki tarapynda hem dikeldilen. Durky täzelenen bölekde täze awtobus duralgalary peýda boldy, öňden duran duralgalar bolsa häzirkizaman bezege beslendi.

Andalyp köçesiniň durkuny täzelemegiň öň ýanynda paýtagtyň günorta tarapynda A.Nyýazow we Arçabil şaýollarynyň aralygyndaky Türkmenbaşy şaýolunyň 5 km böleginde abatlaýyş işleri tamamlanypdy. Asfaltyň üstki böleginiň we şaýoluň gyrasyndaky bordýurlaryny çalyşmak işleri geçirildi. Ýolagçy ýodajyklar granit kerpiçjikleri bilen örtüldi. Yşyklandyryjylaryň sütünleri çalşyryldy. Ýolagçy ýodajyklar, esasan-da awtoulag ýoly giňeldildi. Umuman alanymyzda täzelenen şaýolyň giňligi tutuş uzynlygy boýunça 34-42 metr aralygynda üýtgäp durýar.

Şu ýylyň başyndan bäri paýtagtymyzda Görogly köçesi Nowaýy köçesinden başlap, şäheriň eteklerine çenli durkuny täzelemek işleri geçirildi. 5km köçäniň böleginde asfaltyň üstki bölegi we şaýoluň gyrasyndaky bordýurlary çalşyldy, yşyklandyryjylaryň täze diregleri dikeldildi, ýolagçy ýodajyklar we gül ekilýän ýerler abatlandy.