Ï 1 million tonna türkmen gallasy taýýar!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

1 million tonna türkmen gallasy taýýar!

view-icon 1418
Türkmenistanyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar—ýurdumyzyň kabul ediş bölümlerine bugdaýyň 1 million tonnadan gowragy gelip gowuşdy. Bu belent sepgide ýetilmegi şu ýyl ekerançylaryň ýetişdirilen bol galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we Watan harmanyna ýokary hilli gallanyň 1 million 600 müň tonnasyny tabşyrmak baradaky esasy wezipäniň hötdesinden abraý bilen geljekdigine ynam döredýär.

Türkmen gallaçylarynyň nobatdaky üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, oba hojalyk toplumyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek, ekerançylyga bazar gatnaşyklarynyň usullaryny yzygiderli ornaşdyrmak we beýleki möhüm çäreler türkmen döwletiniň oba hojalyk babatda durmuşa geçirýän syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapdy.

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär, obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümi täze tehnikalar bilen üpjün edilýär we döwrebaplaşdyrylýar, ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ösdürilýär, suw üpjünçiligi meseleleri netijeli çözülýär. Oba hojalyk toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, beýleki tehnikalar satyn alynýar. Ähli ýerlerde täze elewatorlar we degirmen toplumlary işe girizilýär.

Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň maliýe-ykdysady gurallary barada gürrüň edip, ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine ýeňillikli karzlaryň berilýändigini bellemek möhümdir. Dürli önümleriň, şol sanda dänäniň döwlet satyn alyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwletiň olary öndürijiler bilen özara hasaplaşyklarynyň has kämil ulgamynyň ornaşdyrylmagy daýhanlar üçin höweslendiriş çäresi bolup hyzmat edýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň urmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasynyň» we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ähli welaýatlarda türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň azyklyk dänäni daşary ýurtlara iberip başlamagy okgunly döwlet ösüşi nukdaýnazaryndan ägirt uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hususan-da, ýurdumyzda 2010-njy ýylda ýetişdirilen bugdaý hasylyndan dänäniň 150 müň tonnasy daşarky bazara, 30 müň tonnasy bolsa içerki bazara ýerlenildi. Geçen ýyl «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine 2011-nji ýylyň hasylyndan bugdaýyň 300 müň tonnasyny daşarky bazarlarda ýerlemäge ygtyýar berildi.

Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda özümizde öndürilen un bilen içerki bazary doly üpjün etmegiň hasabyna öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň aýdyň subutnamasydyr.

Galla oragy dowam edýär, harmanlara her günde ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Zähmetsöýer gallaçylar döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, galan hasylyň ýekeje dänesini hem isrip etmän ýygnamak ugrunda ähli zerur çäreleri görýärler. Şu ýyl ýurdumyzda galla ekilen ýerleriň umumy meýdany 860 müň gektara deň bolup, olaryň agramly bölegi bugdaýyň ýokary hasylly sortlary, hususan-da, «Sähraýy», «Ýolöten-1», «Bitarap», «Juwan», «Türkmenbaşy» we «Türkmenbaşy-1», «Batko», «Ýubileýnaýa — 100», «Irişka», «Wassa» we «Nota» sortlarydyr. Olar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde oňat ösüp, bereketli hasyl berýärler.

Galla oragynda däne ýygnaýan kombaýnlaryň 1880-den gowragy, esasan «Keýs», «Nýu Holland», «Jon Dir» we «Klaas» kombaýnlary ulanylýar. Ýörite enjamlaşdyrylan ýük awtoulaglarynyň 6660-a golaýy dänäni harmanlara we elewatorlara tiz we ýitgisiz ýetirýärler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ulag serişdeleri bar.

Täze hasylyň dänesi «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň kabul ediş bölümleriniň 157-sine gelip gowuşýar. Olaryň her birinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalar bar, olarda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitleýärler. Gallaçylar bilen «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümleriniň üsti bilen öz wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär.

Gazanylan üstünligi has-da berkitmek üçin galla meýdanlarynda iş depginlerini birjik-de peseltmezlik zerurdyr. Tebigatyň özi hem belent maksada ýetmekde türkmen ekerançylaryna garaşyk edýär: 1 million tonna sepgide geçen ýylyň möwsümine garanyňda bir hepde ir ýetildi. Indi ýurdumyzyň berekedini artdyrmagyň, biziň halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl gallaçylaryň öňünde goýan wezipeleriniň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin sazlaşykly, tutanýerli zähmet çekip, galla oragynyň depginlerini has-da artdyrmak galýar.