Ï 2013-bugdaý oragy-eýýäm bellenen borçnamasynyň ýarysy ýygnaldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2013-bugdaý oragy-eýýäm bellenen borçnamasynyň ýarysy ýygnaldy

view-icon 661
Ýurdumyzyň 860 müň gektar galla meýdanlarynda uly depginlerde gallany ýygnamak işleri alnyp barylýar. Gallaçylar bellenilen möhletde bugdaýy zaýasyz ýygnamaklygy maksat edinýärler. Olar bugdaý hasylynyň bellenen borçnamasynyň ýarysyny ýygnap, Watan harmanyna tabşyrdylar.

Galla oragy ýurdumyzyň dört welaýatynda Ahal, Mary, Lebap we Balkan welaýatlarynda bir wagtyň özünde başlady. Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda bolsa galla oragy 12-nji iýunda başlandy. Ilki bilen öňünde goýlan borçnamany Mary welaýatynyň Tagtanazar we Serhetabat etraplarynyň galaçylary ýerine ýetirdiler. Olar borçnamany 17 we 11 göterim artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ondan soň olara Ahal welaýatynyň Sarahs etraby goşuldy. Daýhan birleşikleinde bolsa dänäni öndürijiler bilen borçnama boýunça we ondan artyk ýygnanan hasyl boýunça hasaplaşyk işleri dowam edýär.

“ döwlet birleşiginiň kärhanalarynda ýerleşýän galla hasylyny kabul ediji bölüminiň 157 sanysy gije-gündiziň dowamynda işleýärler. „Türkmenstandartlary“ Baş döwlet gullugynyň gözegçilik barlaghanalarynyň hünärmenleri tabşyrylýan gallanyň hiline gözegçilik edýärler.

Ýygnalan gallany meýdanlardan daşamak işlerinde „Türkmenobahyzmat“ döwlet birleşiginiň awtoulaglary, umuman alanyňda 6,5 müňden gowrak ýük awtoulaglary peýdalanylýar. Galla oragy möwsümine „Jon Dir“, „Keýs“, „Klaas“ we „Nyu Holland“ görnüşli 1882 sany kombaýnlar gatnaşýar. Bu tehnikanyň bökdençsiz işlemegini gije-gündiziň dowamynda iki çalşykda işleýän operatiw abatlaýyş-bejeriş toparlary üpjün edýär. Galla oragy möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin ýurdumyzyň ähli bugdaý meýdanlarynda gyzgyn naharlar gurnalan.

-iň galla hasylyny bugdaýyň 15sany ýumşak we gaty görnüşleri düzer. Olaryň içinde 5 sany täze sortlar: iki sany ýerli we üç sany rus sortlary bar. Olar – „Ýolöten-3“, „Miras“, „Nota“, „Irişka“, „Wassa“ görnüşleri. Şeýle-de öňden belli bolan «Batko», «Sährai», «Ýolöten 1», «Bitarap», «Juwaýy», «Türkmenbaşy 1» we başga görnüşler.

Üstümizdäki ýylda, döwlet tabşyrygyna laýyklykda türkmen gallaçylary 1million 600 müň tonna däne tabşyrmaklygy öňünde wezipe edip goýdular. Ahal welaýatynda -450 müň tonna, Mary welaýatynda -380 müň tonna, welaýatynda –Lebap welaýatynda -350 müň tonna, Daşoguz welaýatynda -300 müň tonna we Balkan welaýatynda -120 müň tonna däne Watan harmanyna tabşyrylar.