Ï Orak barha gyzyşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Orak barha gyzyşýar

view-icon 851
Ýurdumyzda bugdaýy iň köp ekýän Ahal welaýatynyň bugdaýly meýdanlarynda galla oragy gyzgalaňly dowam etdirilýär. Galla oragynda welaýatyň Sarahs, Gökdepe, Ak bugdaý hem-de täze döredilen Derweze etraplary öňde barýarlar.

Eýýäm öz borçnamalryny ýerine ýetiren kärendeçilerden, kärendeçiler toparlaryndan şatlykly habarlar gelip gowuşýar. Galla oragynyň ilkinji on günlüginde öz boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetiren daýhan birleşikleriniň bolmagy bizi has hem begendirdi.

Sarahs etrabynyň „Türkmenistan“ daýhan birleşigi welaýatda ilkinji bolup zähmet ýeňşini gazandy. Bu daýhan birleşiginiň gallaçylary 2036 tonna derek 2130 tonnadan gowrak bugdaýy döwlet harmanyna tabşyrmagy başardylar.

Şeýle hem bu etrabyň „Gaňňaly“ daýhan birleşiginiň gazanýan zähmet üstünligi hem begendirýär. Olar hem öz borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, 900 tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar.

Ilkinji ongünlügiň ahyrynda Gökdepe etrabyndan hem şatlykly habar gelip gowuşdy. Etrabyň „Ýandakly agyz“ daýhan birleşiginiň gallaçylary galla kabul ediş nokatlaryna 700 tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmegi başardylar. Olar öz mümkinçiliklerini hasaplap görüp, döwlet harmanyna ýene-de 100 tonna bugdaý tabşyrmagy maksat edinýärler.

Şu günler ýurduň uly harmanyna 450 müň tonna bugdaýy öz wagtynda tabşyrmak üçin welaýatyň bugdaýly meýdanlarynda işler barha ýaýbaňlandyrylýar. Welaýatyň hünärmenleri munuň aňryçäk däldigini nygtaýarlar.