Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde täze demir ýol menzili gurular. Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary pudagyny 2012-2016-njy ýyllar aralygynda ösdürmegiň Baş meýilnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.
Bu resminama laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Balkanabat şäherinde demir ýol menziliniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada „Ösüş gurluşyk“ hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşdy. Gurluşyk işlerine eýýäm şu aýda başlanar. Demir ýal menzilini 2015-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet baştutanynyň beýleki kabul eden Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi „Gyzylgaýa-Bereket-Etrek“ demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginiň ugrunda 13 sany demir ýol köprüsiniň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada „Nata Inşaat Turizm Taşimaсilik Tiсaret ve Sanaýi Anonim Şirketi“ türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.
Resminama laýyklykda gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de demir ýol köprülerini2014-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrman bellenildi.