Ï Türkmen türgenleri Koreýadaky Oýunlarda kabaddi boýunça çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri Koreýadaky Oýunlarda kabaddi boýunça çykyş ederler

view-icon 771
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 29-njy iýun - 6-njy iýul aralygynda Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçiriljek IV Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän oýunlaryň arasynda kabaddi ady bilen belli bolan hindi oýny iň täsinleriň biri bolar. Biziň ýurdymyzda kabaddi oýny ençeme ýylyň dowamynda ösüşe eýe boldy. Şonuň üçin hem onuň ygtybarly binýady bardyr. Bu bolsa biziň ýurdumyza Koreýada geçiriljek Oýunlara iki topar – erkekler we zenanlar toparlaryny ibermäge mümkinçilik berdi.

Bu oýnuň düzgünleri ýönekeýdir. Iki topar meýdançanyň orta arasynda çyzylan çäkde biri-biriniň garşysynda durýarlar. Toparlaryň birinden bir oýunçy bäsdeşleriň arasyna süsňäp girýär. Onuň wezipesi mümkin boldygyça türgenleriň köpüsine degip geçmekden we öz meýdançasyna dolanyp gelmekden ybaratdyr. Şol oýunçy kime degen bolsa, ol ýaryşdan çykarylýar. Goranýan toparyň wezipesi bolsa şol oýunçyny her edip, hesip edip öz ýarym medýançalarynda saklap, onuň meýdançany ikä bölýän çyzyga galdaşmagynyň öňüni almakdyr. Şunda ol oýunçy oýundan çykarylýar.

Gadymy Hindistanda dörän bu oýnuň düzgünleri birnäçe müň ýyllyklaryň dowamynda üýtgewsiz saklanyp gelýär. Ýöne ýer ýüzünde sportuň beýleki aýratyn meşhur görnüşlerinde bolşy ýaly, kabaddi hem birnäçe ugur boýunça ösüşe eýe boldy. Olaryň biri ýapyk binalarda oýnalýar. Şunda düzgünler has ýönekeýleşdirilendir. Mysal üçin, oýunçylar oýundan çykarylmaýar. Ol ýa-da beýleki toparyň hasabyna utuk geçirmek bilen bu ýagdaýyň öwezi doldurylýar.

Şunda oýunçylaryň hem sany azaldyldy. Nusgawy kabaddidäki ýaly ýedi oýunça derek, ýapyk binalarda geçirilýän görnüşinde toparda jemi bäş oýunçy çykyş edýär. Oýnuň wagty üýtgemän galýar: Oýun zenanlar üçin hersi 15 minutdan ybarat bolan iki bölümden, erkekler üçin hem iki bölümden ybarat bolup, olaryň hersi 20 minutdyr.

Hüjüm edýän oýunçynyň pökgini uranda öz garşydaşyna degmäge hukugynyň bardygy üçin kabaddi sportuň güýç ulanylýan görnüşine degişlidir. Garşydaşyňa diňe bir eliň bilen däl-de, aýagyň bilen hem degip bolar. Goranýan tarap bolsa tutuş topar bolup hüjümçi bilen bäsleşip bilerler. Bu oýnuň hakyky ussady bolmak üçin diňe bir çalasyn oýunçy bolmak bilen çäklenmän, beden taýýarlygyň hem güýçli bolmalydyr.

Türkmenistanyň kabaddi boýunça erkekler we zenanlar boparlary Koreýada geçiriljek Oýunlaryň öňýanyndaky okuw - taýýarlyk çärelerinde türgenleriň ýokarda görkezilen taýýarlygyna has köp üns berdiler. Şol türgenleşikler ýurdumyzyň ajaýyp künjegi bolan Gökderedäki “Çynar” çagalar -sagaldyş merkezinde guraldy. Bu ýerde, ýaryşy asyrlara barabar ýaşly çynarlaryň kölegesinde türkmen türgenleri bir günde 3 gezek türgenleşik geçdiler. Şonda bu oýun boýunça hindi ussatlarynyň usullary göz öňünde tutuldy. Olar bolsa halkara derejesinde hemişe öňdeligi eýeläp gelýärler.

Biziň türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda kabaddi boýunça çykyşlary barada aýdylanda bolsa, zenanlar toparymyz iri halkara ýaryşlarynda, şol sanda 2007-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, 9-njy orny eýeledi. Şol düzümden häzirki wagtda milli ýygyndy toparda Jeren Atadurdyýewa, Altyn Ahmatowa, Ýuliýa Rizaýewa, Ýewgeniýa Lwowa we Katerina Küzmina bar. Olaryň ählisi Koreýadaky Aziýadada üstünlik gazanmagy umyt edýärler.

Ýurdumyzyň erkekler ýygyndy topary bolsa maý aýynda Aşgabatda geçirilen kabaddi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda has tapawutlanan türgenlerden düzülendir. Biziň toparymyz Koreýada Mary şäherinden bolan türgen Gadam Öwezowyň kapitanlyk etmeginde çykyş eder.

Şeýle hem Aziýadada biziň ýurdumyzdan ýaryşlara eminlik etjek wekiliň bardygyny hem buýsanç bilen bellemelidiris. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, “hanmudo” söweş sungaty oýunlary boýunça Milli federasiýanyň başlygy (oňa kabaddi hem girýär) Orif Buharakow Koreýadaky Oýunlar-da kabaddi boýunça geçiriljek ýaryşlara eminlik eder.

Biziň kabaddi boýunça toparlarymyz Aziýadanyň birinji güni – 29-njy iýunda çykyş edip başlarlar. Şol gün biziň zenanlar toparymyz örän güýçli bäsdeş bolan Hindistanyň topary bilen, erkekler toparymyz bolsa ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň eýeleri – Koreýa Respublikasynyň topary bilen duşuşarlar.