Ï Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň ajaýyp zähmet ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň ajaýyp zähmet ýeňşi

view-icon 899
Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada Watanymyza, döwlet Baştutanymyza hasabat berdiler. Watan harmanyna ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň babadaýhanlary ak bugdaýyň 350 müň tonnasyny tabşyrdylar. Maryly gallaçylar bolsa 380 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy tabşyrdylar.

Türkmen gallaçylarynyň nobatdaky zähmet ýeňişleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli oňyn özgertmeleriniň aýdyň netijesidir.

Edermen gallaçylarymyz ak ekinlere ýadawsyz ideg etmek, kämil agrotehniki uzullary ulanmak arkaly bol hasyl ýetişdirdiler. Galla oragynyň häzirki ýokary derejedäki depgini bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr. Mary welaýatynda ýokary öndürijilikli «Case», «New Holland», «John Deere» kombaýnlarynyň 440-dаn gowragy ulanyldy. Mundan başga-da, orak möwsüminiň öňüsyrasynda Germaniýadan «Ticano-430» kysymly kuwwatly kombaýnlaryň üçüsi gallaçylaryň ygtyýaryna gelip gowuşdy we olar dessine işe girizildi.

Welaýat merkezinde döwlet Baştutanymyzyň şu gün irden geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda beren tabşyrygyna laýyklykda, gallaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli ýörite maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda döwletimiziň goldaw berýändigi, daýhanlar üçin amatly şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Bu dabaraly çäräniň barşynda has tapawutlanan kärendeçilere, kombaýnçylara we beýleki işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine, oba hojalyk ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna sadaka berildi.

Lebap welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlaryň umumy mukdary 175 müň gektar bolup, onda galla orujy kombaýnlaryň 380-den gowragy işledilýär. Olara ähli zerur enjamlar, gurallar we ykjam aragatnaşyk bilen üpjün edilen tehniki hyzmat toparlary berkidildi. Bir ýarym müňden gowrak ýük ulaglary galla meýdanlaryndan sebitde bar bolan 34 däne kabul ediş bölümlerine bugdaý daşadylar. Saýat, Garabekewül, Hojambaz we Garaşsyzlyk etraplarynyň gallaçylary umumy ýeňşe has-da önjeýli goşant goşdular. Olar ilkinjiler bolup döwlete däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.

Türkmenabat şäherinde döwlet Baştutanymyzyň şu gün göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda beren tabşyrygy boýunça lebaply gallaçylaryň zähmet ýeňşine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa gatnaşyjylar türkmen daýhanlary üçin yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we öz öňlerinde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda ähli yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Dabaranyň dowamy aýdym-sazly çykyşlara utgaşyp gitdi. Welaýatyň aýdym-saz, tans we folklor toparlary gallaçy daýhanlaryň üstünliklerini özleriniň belent owaza beslenen çykyşlary bilen wasp etdiler. Soňra ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine, hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna toý sadakasy berildi.

Murgap we Amyderýa jülgelerinde galla oragy iň soňky gektarlarda dowam edýär. Gallaçylar ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almagy maksat edinýärler. Orakdan boşan meýdanlarda hojalyklaryň mallary üçin saman taýýarlamak işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem ol ýerlere şaly we beýleki aralyk ekinleri ekmek işlerine taýýarlyk görülýär. Mundan başga-da, iki welaýatyň babadaýhanlary hem ýerleri güýzlük däne ekişine ykjam taýýarlaýarlar.