Şu gün Türkmenistanyň sport wekiliýeti Inçhon (Koreýa Respublikasy) şäherine geldi. Bu ýerde 29-njy iýunda iň iri sport çäreleriniň biri bolan, dört ýylda bir gezek geçirilýän ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary açylar.
Biziň türgenlerimiz sportuň ýedi görnüşi – suwda ýüzmek, bilýard, göreş, kikboksing, taý boksy, futzal we kabaddi hindi oýny boýunça bäsleşerler. Öňde boljak Aziadada sportuň jemi 12 görnüşi boýunça sylaglaryň onlarça toplumy ugrunda türgenler güýç synanyşarlar.
Biziň türgenlerimiz şäheriň Uniwersitetiniň halkara kampusynda ýerleşip, binanyň özlerine berkidilen 7-nji gatynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny pasyrdatdylar. Bu bolsa beýleki ýurtlardan gelen türgenleriň, tälimçileriň we hatda Aziadanyň guramaçylarynyň arasynda hem uly seslenme döretdi. Olar günüň dowamynda biziň wekiliýetimiziň ýerleşen myhmanhanasynyň ýanyna gelip, bu görnüşi synladylar. Agşama çenli beýleki wekiliýetleriň hem köpüsi biziň ýygyndy toparymyzyň göreldesine eýerdiler.
Hemmeler türkmenistanlylaryň başlangyjyna mynasyp baha berdiler. Munuň özboluşly ähmiýeti bardyr. Sebäbi, IV Aziýa oýunlary tamamlanandan soň, onuň baýdagy Türkmenistana gowşurylar. Mälim bolşy ýaly, V Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilýän Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Şol sebäpli hem Inçhonda geçirilýän häzirki ýaryşlar türkmenistanlylar üçin örän jogapkärlidir: diňe bir ýokary netijeler gazanmak we sport tejribesini toplamak ýeterlik däldir, eýsem şular ýaly ýaryşlara taýýarlyk görmegiň şertleri bilen jikme-jik tanşyp, 2017-nji ýylda Aşgabatda Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmegi üpjün etmekdir.
Şu gezekki Aziadanyň ilkinji ýaryşlary onuň resmi taýdan açylyşyna 3 gün galanda başlanar. 26-njy iýunda ilki bolup Inçhonuň sport meýdançalaryna futzalçylar çykar, olaryň arasynda biziň ýygyndy toparymyz hem bar. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlaryň şeýle ir başlanmagynyň sebäbi oňa 7 topara bölünen ýygyndy komandalaryň ýigrimi ikisiniň gatnaşýandygydyr. Türkmenistanlylar “F” toparda çykyş edip, Ýaponiýanyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylary bilen bäsleşerler. Bu iki ýurduň toparlary 27-nji iýunda duşuşarlar. Biziň ýygyndy toparymyzy tälimçi Döwletmyrat Annaýew oýunlaryň resmi taýdan açylan güni synag meýdançasyna çykarar. Şonda biziň ussatlarymyz Saud Arabystanynyň tejribeli topary bilen güýç synanyşar.
Şol gün – 29-njy iýunda futzaldan başga-da sportuň 4 görnüşi, şol sanda bilýard, kabaddi we taý boksy boýunça ýaryşlar geçiriler.
Bilýard boýunça türkmen türgenleriniň 4-si çykyş eder. Olar sport ussady Batyr Aşyrow we ussatlyga dalaşgärler Baýramgeldi Çakanow, Begenç Aýdogdyýew (Aşgabat) we Kemal Babaýew (Daşoguz welaýaty), olaryň ählisi Aziadanyň öň ýanynda Dubaýda (BAE) okuw-türgenleşik taýýarlygyny geçdiler. Şonda olar bilýardyň “snuker” we “”9-balls” görnüşleri boýunça ussatlygyny artdyrdylar. B.Aşyrow we B.Aýdogdyýew “snuker” boýunça, B.Çakanow we K.Babaýew bolsa “9-balls” boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.
Kabaddi boýunça Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary çykyş ederler. Erkekler toparymyz öz ilkinji duşuşygyny şu gezekki Aziadanyň eýeleri – Koreýa Respublikasynyň topary bilen geçirer. Zenanlarymyz bolsa sportuň bu görnüşi boýunça öňdebaryjy bolan Hindistanyň ýygyndy topary bilen güýç synanyşar. Taý boksy boýunça hem biziň erkekler hem zenanlar toparlarymyz çykyş eder.
30-njy iýunda suwda ýüzüjiler hem ýaryşlara başlarlar. Biziň toparymyzda dört türgen çykyş eder. Olar 25 metr uzynlyga güýç synanyşarlar. Aşgabatly türgenler, sport ussady Sergeý Krowýakow we Merjen Saryýewa 50 we 100 metr aralyga krol görnüşi boýnça çykyş ederler. Deliýa Saryýewa bolsa 50 metr aralyga krol boýunça we 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça bäsleşer. Atajan Annadurdyýew suwda ýüzmek boýunça Marynyň mekdebinde tälim alandyr. Ol Inçhonda 50 metr aralyga batterflýaý boýunça we 100 metr aralyga toplumlaýyn görnüşde güýç synanyşar.
Biziň türgenlerimiz 3-nji iýulda kikboksing boýunça ýaryşa girişerler. Bu görnüş boýunça hem biziň ýurdumyzda 4 türgen çykyş eder. Olar kikboksingiň iki görnüşi - “ful-kontakt” we “lou-kik” boýunça güýç synanyşarlar. Şunda biziň ýurdumyza Gurban Bekhanow (57 kg. agram derejesine çenli), Tahyr Şaýmanow (71 kg. agram derejesine çenli), Şöhrat Hallyýew (63,5 kg.) we Allamyrat Annamyradow (81 kg.) wekilçilik ederler.
Göreş boýunça Türkmenistandan 5 türgen çykyş eder. Olar 4-nji iýulda ýaryşa girişerler. Biziň ýygyndy toparymyz diňe Lebap welaýatyndan bolan türgenlerden düzülendir. Olar Aýna Jumakulyýewa (57 kg. çenli), Nasiba Surkiýewa (63 kg. çenli) Muhammed Temirow (73 kg. çenli), Serdar Jümmiýew (81 kg. çenli) we Nuraly Ýalkabow (90 kg. çenli) dagylardyr.
Türkmen türgenleri Inçhonuň sport meýdançalaryny özleşdirip, güýçlendirilen türgenleşiklere eýýäm girişdiler. Ýakyn günlerde olara tolgundyryjy waka garaşýar – 25-nji iýunda Inçhon şäherinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy bolar.