Ï Şalyny ekmekligiň tamamlaýjy pursatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şalyny ekmekligiň tamamlaýjy pursatlary

view-icon 887
Umumy meýdany 18müň 300 gektar bolan ýurdumyzyň şaly meýdanlarynda ekiş möwsümi tamamlanmgyň öň ýanynda. Daşoguz welaýatynyň 8 müň 200 gektar meýdandanyny tutar. Lebap welaýatynyň 10 müň 200 gektar meýdandanyny şaly tutup, ol adatça bolşy ýaly güýzlük bugdaýyň oragy tamamlanandan soň başlaýar. Oba hojalyk işgärleri şaly ekmeklik işlerini şu aýyň soňuna tamamlamagy meýilleşdirýärler.

Umuman alanyňda, şalynyň dört müň tonna tohumy topraga sepiler. Şalynyň ekiş we bejeriş tejribesi esasynda köp ýyllaryň dowamynda ýokaryhasyllylygy we kesele garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýan «Nukus-2» и «Ak merjen» ýaly görnüşler ileri tutulýar.

Şu ýyl oba hojalyk işgärleri borçnama esasynda 80 müň 800 tonna şalyny ýygnamaklygy göz öňünde tutýarlar. Bu bolsa geçen ýylky hasyldan 200 müň tonna artykdyr. Şol sanda Daşoguz welaýatynda 33 müň 600 müň tonna, Lebap welaýatynda 47 müň 200 tonna şaly ýygnamaklyk meýilleşdirildi.