Ï Marynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasynyň täze sehi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Marynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasynyň täze sehi

view-icon 1510
“Türkmenistanyň dokma senagaty we söwda toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda haly pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de pudagyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleri öndürmek mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenhaly” döwlet birleşigine Marynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasynyň çäginde ýylda 4000 tonna ýuwlan ýüň öndürilýän täze önümçilik binasynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, daşarky inžener ulgamlaryny goşup gurmak barada “Gün” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany hünärmenleri taýýarlamak we ornaşdyrylan tilsimat enjamlary üçin önümçilik binasy işe girizilenden soň, iki ýylyň dowamynda ätiýaçlyk şaýlaryny hojalyk jemgyýetiniň serişdeleriniň hasabyna üpjün etmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyga 2013-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we önümçilik binasyny 2014-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.