Şu ýylyň aprel aýynda açylan karz pul bermegiň ýeňilleşdirilen görnüşinden oba hojalyk ekinlerini öndürijileriň iki ýüzden gowragy peýdalandy. Daýhan birleşikleri, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler, Türkmen oba hojalyk uniwrsitetiniň mülkdarlary 11,5 million manady karzyna aldylar. “Daýhanbank” we “Türkmenistan” TDTB bu karz pullary berdiler.
Oba hojalyk işgärleri üçin ýeňilleşdirilen karz pullaryny bermek usuly yzygiderli kämilleşdirilýär. Ol eýýäm bäş ýyl bäri durmuşa ornaşdyrylyp gelinýär. Türkmenisyanyň Prezidentiniň şu ýylyň 6-njy martynda kabul eden “Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” Kararyna laýyklykda, oba hojalyk senagatynyň wekillerine işlenilip taýýarlanylan ýeňilleşdirilen karz pullary bermegiň düzgüni munuň aýdyň mysaly bolup durýar.
Ýeňilleşdirilen karz pullary oba hojalyk tehnikasyny, enjamlaryny we gurallaryny, suw tygşytlaýjy tehnikasyny, enjamyny, suw geçirijilerini satyn almak üçin 10 ýyl möhlet bilen ulanyş möhletine görä deň paýda her ýylda gaýdyp bermek şerti bilen ýyllyk 1 göterim bilen berilýär. Şeýle hem maliýeleşdirmegiň täze görnüşine maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek, şeýle hem esasy serişdeleri satyn almak bilen bilen bagly 10 ýyllyk möhlen bile ýylda 5 göterimli maýa goýum oba hojalyk taslamalaryny maliýeleşdirmek hem degişlidir. Alynan serişdelere ýurduň dürli künjeklerinde, esasan hem ösümlik önümleriniň önümçiligini artdyrmak, topragyň hasyllygyny ýokarlandyrmak we topragy özleşdirmek bilen bagly işlere işjeň badalga berildi
Meselem, ýeňilleşdirilen karü puluny alyp, Daşoguz welaýatynyň bäş etraplarynyň – Gubadag, Görogly, Köneürgenç, Ruhubelent, s.Türkmenbaşy etraplarynyň daýhan birleşikleri Europal 95 N 100 azallary bilen üpjün edilen “Klaas” nemes kompaniýasynyň önümi bolan “ARION-640” kuwwatly traktorlarynyň onlarçasyny satyn almaga serişdeleri ulandylar.
Karz serişdeleriniň kömegi bilen dünýä belli “Klaas”, “Lemken” we “Keýs” ýaly önüm öndürijileriň traktorlarynyň onlarçasy we şonça hem azallar Lebap welaýatynyň Seýdi???, Serdarabat, Garabekewil, Atamyrat etraplarynyň daýhan birleşikleri tarapyndan satyn alyndy.
Oba hojalyk işgärleri häzirki zaman traktorlaryny gektaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin satyn alýarlar. Olaryň kömegi bilen bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýarlar. Önümçilikde we bank karz pullaryny hasabatyna tölegleri amala aşyrmagyň mümkinçiliklerinde ähli çykdajylar, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe hasabatlary olaryň ep-esli irdeji alýandyklaryny tassyklaýar.
Banklaryň ýeňilleşdirilen karz pullaryny peýdalanmak bilen, oba hojalygynyň beýleki pudaklary bolan guşçulyk we maldarçylyk hem ösüşleri gazanýandygyna aýdyň mysallary getirip bolar. Şeýle mysallaryň biri hökmünde önümçiligi ýokary derejelere çykaran Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň “Ýunus daýhan” daýahan hojalygyny getirse bolar. 2011-nji ýylda 2008-nji ýyldan bäri hereket edýän ýeňilleşdirilen karz pullaryň hasabyna bäş müň sany guşlary saklar ýaly guşçuluk fermasyny guruldy hem-de olary saklamak üçin gerek bolan enjam bilen üpjün edildi. Mundan hem başga, karz puluň hasabyna daýhan hojalygynda 125 gektarda bugdaý önümçiligi ýola goýuldy we galla saklamak üçin ammar guruldy.
Ýeňilleşdirilen karz pul bermegiň täze düzgünlerine laýyklykda, şu ýyl “Ýunus daýhan” hojalygy et, ýumurtga we bugadaý önümçiligini öasdürmekde we artdyrmakda peýdalanmak üçin serişdeler aldy. Şeýleleikde iýun aýynda bäş müň sany guş satyn alyndy, oktýabr aýynda bolsa bu guşlaryň üstüne ýene-de dört müň sanysy goşular. Mundan hem başga, 58 gektar meýdanda göwaça ösdürip ýetişdirmek özleşdirildi, bugdaý ekilýän meýdan giňeldildi. Umuman, şu ýylky önümçilikden garaşylýan girdeji 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 esse artar.
banklaryndan karz pul almak isleýänleriň sany barha artýar. Karz pul almagyň şertleri örän bähbitlidir. Muňa ýyllyk tölegleri we gaýdyp bermegiň uzak möhletleýin wagty hem şaýatlyk edýär. Müşderileriň has köp sanlysy oba hojalyk önümlerini öndürmek we maýa goýum taslamlary üçin oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk etmäge niýetlenilen “Daýhanbank” TDTB arza berýärler. Oba hojalyk önümçiliginiň wekilleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi bu günki gün ýurtda bu bankyň bölümleriniň 56-sy, şeýle hem etrap bölümçeleriniň 50-si we welaýat bölümçeleriniň 5-si, şeýle hem bankyň merkezi edarasy amala aşyrýarlar.
pul bermegiň täze düzgünine laýyklykda müşderiler bilen işi Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banklarynyň ählisine öz serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem açyk karz pul bermegiň ugry arkaly Türkmenistanyň Merkezi bankynyň serişdeleriniň hasabyna alyp barmaga ygtyýar berildi. Karz pullary nagt däl görnüşde aýratyn karz pul ugry boýunça we ssuda sşýotyna hem-de bu sşetdan degişli maksatlara laýyklykda oba hojalyk önümlerini öndürijileriň töleg tabşyryknamasyna berilýär. Daýhanlar we kärendeçiler eger-de olaryň maksady ilatdan mal, guş, nahallary, şitilleri we tohum satyn almak bolsa, onda olar karz puluny nagt görnüşinde hem alyp bilerler. Gerek bolan ýagdaýynda bu düzgüniň karz pullarynyň ählisi ýeňilleşdirilen döwürde kesgitlenip bilner.
Öňki bar bolan karz pul bermegiň ulgamyndan tapawudy bu görnüş oba hojalyk önümlerini öndürijileriň giň köpçüligine – daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere, oba hojalyk ylmy-gözleg institutlaryna ýaýradylýar.