Ï Tamamlaýjy pursatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tamamlaýjy pursatlar

view-icon 797
Balkan welaýatynda galla oragy tamamlaýjy pursatlaryna gadam basdy. Tejribeli oba hojalyk boýunça hünärmen Goýunly Goýunlyýewiň ýolbaşçylygyndaky Bereketli etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň gallaçylary ilkinjileriň hatarynda bu borçnamany ýerine ýetirmegi başardylar. Olar geçen ýyl güýzlük bugdaý ýygymy möwsüminde hem ilkinjileriň hatarynda bolup, welaýatyň beýleki gallaçylaryna görelde bolup, zähmet ýeňşini gazandylar. Bu ýyl olar 12 300 tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Bu bolsa bellenen borçnamadan ep-esli artykdyr.

Tejribeli oba hojalyk boýunça hünärmen we öňdebaryjy hojalygyň ýolbaşçysy Goýunly Goýunlyýewiň belleýşi ýaly, bu ýyl diýseň hasylly boldy. Galan dänäni zaýasyz ýygnamaklyk üçin işler gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar.

Bereket etrabynyň galla meýdanlarynda altmyşa golaý galla ýygnaýjy kombaýnlar işledilýär.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň 24-nji iýunda geçiren göni aragatnaşykdaky wideoşekilli iş maslahatynda Etrek we Esenguly etraplarynda galla oragynyň pes depginlerde alnyp barylýanlygy baradaky bellikleri göz öňünde tutup, jogapkärli oba hojalyk kompaniýasynyň depginlerini düýpli ýokarlandyrmak üçin gyssagly çäreler durmuşa geçirilýär.