Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 802
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we uçar ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler hlorly tehniki magnini (bişofit) hem-de “A” görnüşli tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna dürli ölçegdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, nah ýüplük, dokalan herekete getiriji kemer, agardylan pagta süýümi, pagta galyndylary satyldy. Olary satyn alan ýurtlar Hytaý, Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Singapur, Lihtenşteýn, Gyrgyzystan, Türkiýe boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 55 million 808 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Pakistanyň, Slowakiýanyň, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli ölçegdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalary, jinsi balaklary, arassalanan pagta ýagyny, süýji önümlerini, nah ýüplügi, garaköli, saryja goýunlarynyň ýuwlan ýüňüni, geçi çöprüni, şeýle hem owradyjy enjamlary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 10 million 701 müň manatdan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri bahasy 1 million 370 müň manatlykdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy satyn aldylar.