Ï Zähmet ýeňşiňiz gutly bolsun, Ahalyň we Balkanyň gallaçylary!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zähmet ýeňşiňiz gutly bolsun, Ahalyň we Balkanyň gallaçylary!

view-icon 845
Şu gün däne taýýarlamak boýunça öz şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendigi hakynda Türkmenistanyň ýene-de iki welaýatynyň gallaçylary habar berdiler. Ahal welaýatynyň gallaçylaryndan ata Watanymyzyň harmanyna azyklyk dänäniň 450 müň tonnasy gelip gowuşdy, ak bugdaýyň 120 müň tonnasy bolsa, Balkan welaýatynda ýygnaldy.

Türkmen topragynyň berekedini netijeli peýdalanmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän oba hojalyk syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Obada amala aşyrylýan toplumlaýyn we giň gerimli özgertmeler netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze sepgitlere çykyp, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkyň abadançylygyny artdyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzyň meýdanlarynda dowam edýän galla oragynyň barşynda gazanylan ýokary netijeler hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Ýeri gelende ýatlasak, bir hepde mundan öň şertnamalaýyn borçnamalaryny Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna degişlilikde 350 müň we 380 müň tonna däne tabşyrdylar. Ak ekinlere ideg etmekde öňdebaryjy agrotehnikanyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmek bilen, edermen türkmen gallaçylary bereketli hasyl ýetişdirdiler hem-de galla oragyny bellenilen möhletinde tamamlamak üçin häzir iş depginlerini birjik-de gowşatmaýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal we Balkan welaýatlarynda şanly waka — gallaçylaryň täze zähmet ýeňşi mynasybetli dabaraly ýygnaklar geçirildi. Olara welaýat we etrap häkimlikleriniň, «Türkmengallaönümleri» we «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşikleriniň wekilleri, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, öňdebaryjy mehanizatorlar, kärendeçi gallaçylar, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimize oba zähmetkeşleri hakynda edýän atalyk aladasy, daýhanlaryň mynasyp durmuşy we netijeli zähmet çekmegi üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Dabaralaryň barşynda welaýatlaryň medeniýet we sungat ussatlary, belli tans we döredijilik toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Galla oragynda tapawutlanan kärendeçilere, kombaýnçylara we beýleki işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi mynasybetli, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadakalar berildi.

Ýurdumyzyň galla mekany hasaplanýan Ahal welaýatynda hem-de günbatar sebitde—Balkan welaýatynda galla oragy esasan tamamlandy. Gallaçylar galan hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Şol bir wagtyň özünde galladan boşan ýerlerde maldarçylyk hojalyklary üçin saman taýýarlamak, aralyk ekinleri ekmek boýunça işler ýaýbaňlandy. Mundan başga-da, welaýatlaryň ekerançylary güýzlük däne ekini üçin ýerleri taýýarlamak işlerini alyp barýarlar.