Ï Ekinlere ideg etneklik dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekinlere ideg etneklik dowam edýär

view-icon 899
Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda ekinlere ideg etneklik dowam edýär. Bu günler otag, keş aralygyndaky bejeriş, mineral dökünleri bilen iýmitlendirme, tamalaýjy suwa tutmaklyk işleri geçirilýär.

Zyýanly mör-möjeklere garşy biologiki usul bilen göreşmek işleri ýaýbaňlandy. Ýurdumyzda dört ýüze golaý biobarlaghanalar we biofabrikalar hereket edýär. Olaryň hünärmenleri ekin meýdanlaryna peýdaly zlatoglazka, trihogramma, gabrobrakona ýaly mör – möjekleri çykarýarlar. Olar zyýanly mör – möjekleriň garşysyna göreşýän tebygy mör-möjeklerdir. Bu usul ençeme ýyllaryň dowamynda barlanan oýyn tejribe bolup, ösümlikler üçin hiç hili zyýansyzdyr.

Mary welaýatynda gowaça meýdany 165 müň gektar, Ahal we Lebap welaýatlary 120 müň gektardan, Daşoguz welaýaty 140 müň gektar, Balkan welaýaty 5 müň gektar ýeri tutýarlar.

„Ak altynyň“ geljekgi hasylynyň esasyny birnäçe sortlar tutar. Olardan ekerançylar tarapyndan ekilýän ortasüýümli «149F», «133», «Ýolöten-7», «Daşoguz-120», «Serdar», «S-4727» sortlary, Ahal we Mary welaýatynda ekilýän inçesüýümli «Ýolöten-14», «9871-I» we başga sortlaryny ekýärler.

Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň ylmy institutynyň ösdürip ýetişdiren ortasüýümli «Ýolöten-39», inçesüýümli «Ýolöten-32» sortlary meýdanlarda ekilýär. Sortlary synamaklyk geçen ýyl tejribe meýdanlarynda geçirildi. Gowaçanyň täze sortlary gögerijilik , ir ýetişme ukyby we süýmüniň hili we möçberi bilen tapawutlanýar.

Şu ýyl oba hojalyk işgärleri 550 müň gektar meýdandan 1 million 50 müň tonna hasyl almaklygy göz öňünde tutýarlar.