Mary welaýatynyň meýdanlarynda gant şugundurynyň ikinji ekişi tamamlanýar. Şugundur aralyk ekin hökmünde 13 müň 900 gektar ýeri tutar. Ekiş döwri adaty bolşy ýaly galla oragy tamamlanandan soň iýun aýynyň ortalarynda başlady. Ekişiň başyna meýdanlar planlaşdyrylyp, keşler çekilip, dökünler bilen iýmitlrndirilen ýerler suwaryldy.
Her gün gant kökleri 300-500 gektar meýdana ekilýär. Şu güne çenli 9 müň gektar meýdanda gant şugundury ekildi. Bu möwsümiň tehniki üpjünçiligine „Maryşeker“ aksioner jemgyýeti we Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşigi işjeň gatnaşýar. Ekiş möwsüminiň bökdençsiz bolmagyny , traktorlar, uly gabaraly ýük daşaýjy ulaglaryň, tirkegleriň, ekgiçleriň , kultiwatorlaryň we başga-da ençeme, ýagny 250 sany oba hojalyk tehnikalary üpjün edýär. Geçen aýyň üçünji ongünliginde şugundyr ekiýine „Türkmenobahyzmat“ döwlet birleşiginiň hünňrmenleri hem goşuldylar.
Belli bolşy ýaly gant şugundury ýylda iki wagtyna ekilýär. Birinji ýazky ekiş fewral aýynyň soňy mart aýynyň başyna geçirilýär. Şugunduryň gögeriş we ýetişýän döwri dört aýa golaýlaýar. Şeýlelikde, bu günler bir müň gektar meýdanda tamamlaýjy suwaryş işleri geçirilýär. Şugundurçylar ekiş möwsümi döwründe bir wagtyň özünde hasyl ýygnamaga hem taýýarlyk görýärler. Olaryň aýtmagyna görä, şugunduryň ýazky ekişiniň hasyly ýokary bolup, ýygym möwsümi iýulyň birinji on günliginde başlanar.
Oba hojalyk tehnikasy, kabul ediş nokatlar, barlaghanalar we „Maryşeker“ aksioner jemgyýetiniň önümçilik sehleri meýdanlardan ýygnalan şugundury gaýtadan işlemeklik üçin taýýar. Marynyň golaýynda ýerleşýän kärhana her ýyl 11 müň tonna şeker öndürýär. Kärhana önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar we şugundury kabul ediş nokatlaryna eltmek üçin ulag serişdeleri bilen üpjün edýär.
Şu ýyl gant şugundury Mary welaýatynyň Garagum, Baýramaly, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Murgap, Türkmengala etraplarynda ekilip, umumy 14 müň 900 gektar ýeri tutar. Şu ýyl türkmen şugundurçylary iki ekiş möwsüminden 200 müň tonna gant şugundurynyň hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler.