Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 788
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we az kükürtli ýangyçlyk mazuty satyn alydlar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalaýyşdan geçen benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň we Gazagystanyň işewür toparlaryň wekilleri dürli ölçegdäki, tekiz reňklenen tüýjümek polotensalary, matalary, nah ýüplükleri, pagta süýümini, süýüm galyndylaryny aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 78 million 400 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, BAE-den, Owganystandan, Gyrgyzystandan we Azerbaýjandan gelen telekeçiler arassalanan pagta ýagyny, şeýle hem mata we nah ýüplükleri satyn aldylar. Geleşikleri jemi bahasy 4 million 38 müň manatdan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 15 müň manatdan gowrak bolan kondisiýa laýyk gelmeýän polipropileni satyn aldylar.