Ï Gubadaglylaryň okgunly maksatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gubadaglylaryň okgunly maksatlary

view-icon 952
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, Gubadag etrabynyň „Abadanlyk“ daýhan birleşiginiň kärendeçi gallaçylary Daşoguz welaýatynda ilkinjileriň biri bolup, bugdaý taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyyny ýerine ýetirmegi başardylar.

Bu hojalygyň daýhanlary göz öňünde tutulan 1252 tonnanyň ýerine azyklyk bugdaýyň 1450 tonnasyny öndürdiler. Öňki ekiş zolagynda we Was tarp ýerde ekilen 750 gektar meýdanyň ähli ýerinde bol hasyl ýetişdirildi. „Abadanlyk“ daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirlen hasylyň esasy bölegi galla ýygnaýjy tehnikanyň ygtybarly we bökdençsiz ulanylmagy netijesinde ýygnaldy.

Häzirki wagtda galla oragy ahyrky tapgyrlarda alnyp barylýar. Gubadag etrabynda azyklyk bugdaýy ýygnamagyň möçberi boýunça öz boýun alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi başaran „Türkmenistan“, „Gökçäge“, „Gubadag“ daýhan birleşikleriniň gallaçylary öňde barýarlar.

Gubadaglylar öz öňlerinde goýan maksatlaryndan daşgary ýene-de ýigrimi sekiz müň tonna bugdaýy tabşyrmak baradaky maksatlaryna barha ýakynlaşýarlar. Hojalygyň ekin meýdanlarynda däneden boşan meýdanlary geljekki hasyla taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar.