Şu gün Daşoguz welaýatynyň daýhanlary däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini habar berdiler. Olar ata Watanymyzyň harmanyna azyklyk bugdaýyň 300 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Şeýlelikde, tutuş ýurdumyz boýunça eýýäm gallanyň 1 million 600 müň tonnadan gowragy ýygnaldy!
Demirgazyk welaýatda galla ekilýän ýerler 180 müň gektara barabardyr. Kärendeçiler bugdaýyň ýerli toprak-howa şertlerine göwnejaý uýgunlaşan “Ýolöten-1”, “Juwan-1”, “Batko”, “Ýubileýnaýa-100” ýaly sortlaryny ileri tutýarlar. Şunda welaýatda täze “Irişka” we “Wassa” atly sortlaryň ekilen meýdanlarynda-da bol hasyl ýetişdirildi. Galla oragynda “Case”, “John Deere” we “CLAAS” ýaly belli firmalaryň däne ýygnaýjy kombaýnlarynyň 394-si işledildi. Ýük awtoulaglarynyň 1300-den gowragy arkaly bugdaý kabul ediş bölümleriniň 30-syna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara daşaldy.
2013-nji ýyldaky galla oragynda welaýat boýunça döwlete däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçlaryny ilkinji bolup ýerine ýetiren Görogly etrabynyň gallaçylary has-da tapawutlandylar. Şeýle hem Ruhubelent, S.A.Nyýazow adyndaky, Gubadag etraplarynda galla oragy göwnejaý guraldy. Bugdaýyň öndürilýän möçberleri boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap öňdeligi eýeleýär, bu ýerde güýzlük galla üçin 33 müň gektar ýer bölünip berildi.
Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Daşoguz welaýatynyň häkimliginde şanly waka – gallaçylaryň täze zähmet ýeňşini gazanmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa etraplaryň häkimlikleriniň wekilleri, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, öňdebarywjy mehanizatorlar, kärendeçiler, ýaşulular gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba zähmetkeşleri barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oňyn we giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, oba senagat toplumynyň hil taýdan täze sepgitlere ýetmek arkaly Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berýändigi bellenildi.
Döwlet tarapyndan kärendeçilere hemmetaraplaýyn goldaw berlip, olar oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän sortlarynyň aňrybaş tohumlary, mineral dökünler, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap tehnikasy bilen üpjün edilýär. Oba hojalyk önümleriniň, ilkinji nobatda milli ykdysadyýet üsin strategiki ähmiýete eýe bolan dänäniň we pagtanyň satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýagdaýda ýokarlandyrylýar. Şeýle hem suwaryş, melioratiw ulgamlarynyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyna, öňdebaryjy agrotehniki usullaryň, ylmy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzda seçgi işiniň kämilleşdirilmegine, hünärine ökde işgärleriň taýýarlanylmagyna, oba ýaşaýjylarynyň zähmet we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýär.
Daşoguz welaýatynda galla oragy esasan tamamlandy. Gallaçylar galan hasyly ýitgisiz ýygnarlar. Şol bir wagtyň özünde bugdaýdan boşan meýdanlarda maldarçylyk hojalyklary üçin saman taýýarlamak, aralyk ekinleri ekmek boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Galyberse-de, daýhanlar güýzlük gallanyň geljekki ekişi üçin ýerleri taýýarlaýarlar, gowaça ideg etmegi dowam etdirýärler.