Ï Türkmen paýtagtynda ulag düzümine degişli täze desga ulanmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen paýtagtynda ulag düzümine degişli täze desga ulanmaga berildi

view-icon 1034
Şu gün paýtagtymyzyň günorta böleginde şäher häkimliginiň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň köp sanly ýaşaýjylaryň, şeýle hem körpe nesilleriň wekilleriniň gatnaşmagynda 10 ýyl abadançylyk şaýolunyň Bitarap Türkmenistan şaýolundan Bekrewe şaýoluna çenli täze böleginiň – nobatdaky döwrebap ulag ýolunyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara boldy.

Şu waka mynasybetdi şaýoluň täze bölegi baýramçylyga mahsus görnüşde birkemsiz bezeldi. Daş-töwerekde döwlet baýdaklary pasyrdaýar, dürli reňkdäki howa şarlary we lentalar dakylypdyr. Özboluşly konsert meýdançalarynda dabara gatnaşýanlaryň we myhmanlaryň, şäheriň etegindäki ýaşaýjylarynyň öňünde döredijilik toparlary çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň gazanýan belent üstünliklerini wasp edýän joşgunly aýdymlary ýerine ýetirýärler.


Dabaraly pursat gelip ýetýär. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda il içinde uly hormadan pedalanýan ýaşulular täze ýoluň toý bagyny kesilýär. Paýtagtymyzyň agşamky asmanyna göterilen dürli reňkdäki howa şarlary 10 ýyl abadançylyk şaýolunyň täze böleginiň açylandygyny alamatlandyrýar.

Bu ýere ýygnananlar şaýoluň täze gurlan bölegi boýunça ýörediler we ýoluň hiline ýokary baha berdiler. Şu pursatda hormatly ýaaşulular dabara gatnaşýan körpeleri öňden ýöremäge goýberdiler. Çagalar ýolugruna ugzybirlik bilen “Arkadaga şöhrat! Arkadaga şöhrat!” diýen sözleri gaýtaladylar. Soňra bu ýere gelenler ýeňil awtoulaglara we awtobuslara mündiler. Ulaglaryň arasynda iki gatlylary hem bar. Bu awtobuslaryň ilkinji ýolagçylarynyň bagtyýar çagalar bolandygyny bellemeli.


Munuň özi ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda mähriban topragymyzyň galkynmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we mundan beýläk-de gülläp ösmegine, şäherlerimizde we obalarymyzda häzirki zaman düzüminiň kemala gelmegine gönükdirilen düýpli özgertmeleriň körpe nesilleriň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbiline alnyp barylýandygyny alamatlandyrdy. Bir söz bilen aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly, gülläp ösýän we ilatyň ýokary durmuş derejeleri üpjün edilen döwlete öwrülmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Hut şonuň üçin hem 10 ýyl abadançylyk şaýolunyň täze açylan böleginde ýola düşýän ulag kerweniniň ilkinji ýolagçylary çagalardan ybarat bolýar. Häzirki täze taryhy eýýamda körpe nesilleriň öňünde paýtagtymyzyň şaýollary ýaly ýagty hem-de nurana ýollar açylýar.

Şeýlelik bilen 10 ýyl abadançylyk şaýolunyň täze açylan böleginden Bekrewe şaýoluna tarap awtobuslaryň kerweni ýola düşdi. Häzirki zaman awtobuslarynyň penjirelerinden halkymyzyň buýsanjyna öwrülen we Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň merkezi hasaplanýan ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi görünýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň häzirki keşbi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly hem-de okgunly ösüşini şertlendirýän oňyn özgertmeler syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.


Şaýoluň ugrunda täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny açyp görkezýän aýdym-saz toparlarynyň ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Bagt köşgüniň we Konstitusiýa binasynyň ýanyndaky meýdançalarda “Serpaý” döredijilik toparynyň, akkordeonçylaryň we beýleki aýdym-saz toparlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary guralypdyr. Olar özleriniň belent owazlary bilen bu günki dabaranyň şowhunyny artdyrýarlar.

10 ýyl abadançylyk şaýolunyň ýurdumyzyň baş şäheriniň esasy ýollarynyň birine öwrüljekdigine söz ýok. Şäher gurluşygy boýunça uly möçberli maksatnamanyň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter täzelenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn, täze konsepsiýa laýyklykda, türkmen paýtagty ýaşamak üçin örän oňaýly we bagy-bossanlyga bürenen şähere öwrülmelidir.

Bir söz bilen aýdylanda, paýtagtymyzyň ilaty üçin oňaýlylygy üpjün edýän ýolagçy awtobuslarynyň täze ugurlary açyldy. Olar indi 10 ýyl abadançylyk şaýolunyň ugry bilen gatnarlar. Bu ýol şäher gatnawyny ýeňletmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň günorta künjeginde emele gelýän medeni-işewürlik merkezlerine barmak üçin oňaýly mümkinçilikleri açýar. 10 ýyl abadançylyk şaýoly bilen barýan ýolagçylar “Älem” medeni dynç-alyş merkezine, Konstitusiýa binasyna baryp bilerler. Bu ugur boýunça gatnaýan ýolagçylar Berkarar döwletimiziň bagtýarlyk döwründe döwletimiziň kuwwatynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşany bolan köpsanly ajaýyp binalary synlap bilerler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň noýabrynda kabul eden Kararyna laýyklykda, paýtagtymyzyň ulag düzümine degişli nobatdaky desga “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. 10 ýyl abadançylyk şaýolunyň şu gün ulanmaga berlen böleginiň uzynlygy 4 kilometrden gowrakdyr we ol paýtagtymyzyň döwrebap ulag geçelgeleriniň düzüminiň üstüni ýetirdi. Ýoluň bu böleginiň gurluşygynda döwrebap we öňdebaryjy tehnologik çözgütler öz beýanyny tapdy hem-de has berk materiallar ulanyldy, şunda bu materiallaryň diňe bir has agyr ýük göterijilik häsiýetnamasy däl-de, seýsmiki taýdan çydamlylygy hem göz öňünde tutuldy.

Türkmenistan döwrebap ulag düzüminiň döredilmegine ep-esli möçberdäki serişdeleri gönükdirmek arkaly, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýady döredýär, ýurdumyzyň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini güýçlendirýär hem-de özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berýär, munuň özi ýurdumyzyň amatly ýerde ýerleşmegi bilen şertlendirilendir.

Şu nukdaýnazardan aýdanyňda, Aşgabatda döwrebap şaýolunyň täze böleginiň açylmagy şu ugurdaky nobatdaky ädime öwrüldi.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ulag-kommunikasion, şol sanda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ulgamlaryny toplumlaýyn, düýpgöter döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça uly möçberli taslamalary amala aşyrmak dowam etdirilýär. Transmilli Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň gurluşygyny, şeýle hem şu ýylyň iýunynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegine bagyşlanan dabaranyň geçirilmegini

muňa mysal edip görkezmek bolar, bulary döretmek baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.

Awtoulag düzüminiň ösdürilmegi barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň tutuş taryhynda awtoulag ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalar entek şeýle giň gerim bilen amala aşyrylmandy. 2014-nji ýyla çenli Türkmenistanda uly awtoulag ýollarynyň ulgamynyň dolulygyna diýen ýaly durky täzeleniler, ähli zerur ýol düzümli täze ýollar gurlar. Bularyň umumy uzynlygy 1700 kilometre golaý bolar.

Tutuş ýurdumyzyň çäginden çekilýän Aşgabat -- Garagum – Daşoguz, Türkmenbaşy – Aşgabat – Farap halkara awtomobil ýollaryny çekmekde esasy häsiýetnama hökmünde dünýä ülňülerinden ugur alnar. Şu ýollarda inženerlik desgalarynyň onlarçasy – köpugurly, bölüji zolakly döwrebap aýlawly ýollar, köprüler we estakadalar gurulýar. Bular awtomobil ýollarynyň gatnawyny sazlaşdyrmaga mümkinçilik berer hem-de sile garşy goraglylygy we hereketiň howpsuzlygyny üpjün eder. Şu desgalar gurlan mahalynda ýokary hillilik we has täze tehnologiýalardan peýdalanmak esasy talap hökmünde öňe sürülýär.

Döwrebap, ýokary tizlikde hereket etmäge mümkinçilik berýän uly ýoluň täze bölegi özüniň tehniki derejesi boýunça ýol gurlyşygynyň nusgasy bolup durýar. Onuň gatnawly böleginiň umumy ini 28 metre barabardyr, her bir ugra tarap dört zolak boýunça hereket etmek göz öňünde tutulýar. Şu ýoluň geçirijilik ukyby bir ugur boýunça sagatda 3 müň awtoulaga barabardyr. Şeýle hem awtobuslaryň howpsuz hereket etmegi we ýanaşyk ýerlerden awtoulaglaryň howpsuz ýagdaýda ýola çykmagy üçin hersi 4 metrlik iki zolakly şahalar bar, bulardan esasy ýola çykmaga mümkinçilik döredildi. Ýeri gelende aýtsak, goşmaça ýollar esasy ýoluň gatnawyny ep-esli azaltmaga hem-de awtoulaglaryň ýaşaýyş jaý toplumlaryna, söwda merkezlerine, kafe, restoranlara we şaýoluň ugrundaky binalara barmagyny has aňsatlaşdyrýar.

Sekiz gatdan ybarat bolan ýol örtügini düşemek üçin ownuk we öýjükli, iri, gyzgyn, dykyz asfaltly beton ulanyldy, ol çagyl-çäge we çagyl garyndylaryndan ybaratdyr. Ýoluň şunuň ýaly düşegi onuň örtüginiň ygtybarlylygynyň ýokary derejede bolmagyny, bahym hatardan çykmazlygyny we agyr ýük daşaýan ulagyň tekerleriniň agram salmagy netijesinde ýoluň çökmeginiň öňüniň alynmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem munuň özi örtükleriň bir-birine baglanyşygynyň ýokary bolmagynyň hasabyna ýol hereketiniň howpsuzlygyny artdyrýar, şunda güwwüldileriň we şöhlelenmäniň pes derejede bolmagy üpjün edilýär.

Şeýle hem bu ýerde gatnawly bölekdäki we ýanýodalaryň pyýadalar üçin niýetlenen zolaklarynyň düşeginiň örtüklerini täzelemek boýunça işler geçirildi hem-de bu ýerlerde granit örtükleri düşeldi. Ýanýodalaryň we ýoluň gatnawly böleginiň raýyşlary granitden edilendir. Tutuş şaýoluň ugrunda bezeg we gyrymsy agaç nahallary oturdyldy. Ýoluň çatryklarynda ýollary bölüji zolaklar guruldy we telewizion ekranlar – paneller goýuldy.

10 ýyl abadançylyk şaýolunyň täze bölegi duýduryş, awtoulag hereketini we ýolyň yşyklandyrylmagyny kadalaşdyrmak boýunça döwrebap ulgamlar, maglumat beriji tablolar bilen üpjün edildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýol bellikleriniň 150-den gowragy goýuldy, 10 müň inedördül metrden gowrak ýol belliklerine şöhlelendiriji ýörite reňk çalyndy, Ýol hereketini dolandyrmak boýunça awtomatiki ulgam goýuldy. Bu ulgamda has takyk işleýän, ulag gatnawlarynyň ölçegleri baradaky maglumatyň toplanmagyny we işlenip taýýarlanmagyny hem-de şu esasda ýol hereketiniň dolandyrylmagyny oňaýlaşdyrýan döwrebap tablo bar.

Gijesine ýoluň oňat görünmegini üpjün etmek üçin diregleriň 516-sy oturdylyp, bulara çyralaryň 2374-si goýuldy. Ýoluň yşyklandyrylmagyny dolandyrmak üçin, wagty meýilnamalaşdyrýan elektron releler bar, munuň özi sarp edilýän elektrik energiýasyny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, inženerlik kommunikasiýalaryň ählisi ýörite ýeriň aşagynda ýerleşdirildi hem-de şunda sulfata çydamly ýörite sement ulanyldy, munuň özi betonyň berkligini ýokarlandyrýar. Siliň akymlaryny geçirmek üçin sil geçiriji turbalaryň ulgamlarynyň ikisini gurnamak göz öňünde tutuldy. Emeli desgalaryň ählisiniň taslamalary Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Seýsmiki taýdan çydamly gurluşyk boýunça ylmy-barlag instituty bilen bilelikde düzüldi, şol taslamalarda desgalaryň 9 balla barabar ýer yranmanyň seýsmiki taýdan täsir etmegine çydamly bolmagyna mümkinçilik döredildi.

Ýoluň ugrunda jemgyýetçilik awtoulaglaryna garaşmak üçin döwrebap, milli röwüşde bezelen duralgalar gurnaldy. Bu duralgalar örän amatlydyr we köpugurlydyr, çünki olar ähli zerur enjamlar, şol sanda howany ýyladyjy we sowadyjy ulgamlar we beýlekiler bilen üpjün edilendir.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz ýol-ulag düzüminiň döredilmegi babatda aýratyn talaplary bildirip, ýol-gurluşygy bilen bagly işleriň ählisine yzygiderli üns berýär hem-de potratçylar tarapyndan tehnologik kadalaryň hemmesiniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini we gurlan awtoulag ýollarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmegini talap edýär.

Galyberse-de, ýörite tehnikanyň we awtomobil ýollaryny gurujylar üçin zerur bolan beýleki serişdeleriň parkynyň üsti ýetirilip durulýar we döwrebaplaşdyrylýar.

Täze awtomobil ýollarynyň gurulmagy we bar bolanlaryň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzda döwrebap awtoulag düzümini döretmegiň möhüm ähmiýetli ugrudyr. Döwletiň batly depgin bilen ösýän paýtagtynda şu wezipäniň berjaý edilmegi has-da möhüm ähmiýete eýedir. Paýtagtymyzda täze awtoulaglar barha artýar, bu bolsa türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň we maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde 10 ýyl abadançylyk şaýoly şäher gurluşygynda wajyp ähmiýete eýedir. Onuň ugrunda eýýäm döwrebap binalar guruldy we gurulýar. Paýtagtymyzdaky şaýoluň bu bölegini gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça toplanan tejribe ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde-de ulanylar.

Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Aşgabadyň täze keşbi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň belent derejesine laýyk gelmek bilen, çeper döredijiligiň we ösüşiň ruhuny özünde jemleýär. Ozal bellenilişi ýaly, bu ýerde şähergurluşyk maksatnamasynyň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz ýörelgesi bolan adamlar üçin iň amatly şertleriň döredilmegi baş alada bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň hemmesi şu ýörelge esasynda durmuşa geçirilýär hem-de olar şäherlerimiziň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşyp, onuň has-da gözel bolmagyny şertlendirýär.