Ï Garagum derýasy boýunça dänäniň täze hasyly daşalyp başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garagum derýasy boýunça dänäniň täze hasyly daşalyp başlandy

view-icon 1689
Garagum derýasy boýunça dänäniň täze hasyly daşalyp başlandy. Türkmenistanyň Döwlet deňiz we derýa ýollary gullugynyň Derýaýollary önümçilik birleşiginiň TG-40 tirkeg gämisiniň ekipažy gatnawlary ýerine ýetirmäge girişdiler.

Derýa ulaglary Lebapgallaönümleri welaýat önümçilik birleşiginiň buýurmasy esasynda Garagum derýasynyň boýunda özleşdirilen ýerlerden hasyly birnäçe ýyl bäri daşap gelýär. Iýul aýynyň şu günki günlerinde tejribeli kapitan Bagtyýar Hojanyýazowyň ýolbaşçylygynydaky gäminiň ekipažy iri galla saklanylýan ýer bolan Zeýid şäherçesiniň gämi duralgasyna tarp ýerli Topurkakda ösdürilip ýetişdirilen hasyly daşaýar. Bu ýerden bolsa hasyl ulag ýoly arkalay gaýtadan işlemäge ugradylýar. Gämi yzyna gaýdanda bolsa Lebapgaraýollary welaýat ulanyş müdiriliginiň tarp ýerli Topurkak we adybir şäherçäniň aralygyndaky ýola asfalt düşemek üçin niýetlenen üsti ýükli kuwwatly awtoulaglary alyp gaýdýar. Ýüklerini özi düşürýän bu awtoulaglar suwda ýüzýän gämi arkaly dänäni Zeýde alyp barýar.

Derýa arkaly geçilýän ýoluň uzynlygy 100 kilometrden hem gowrakdyr. Ýokarlygyna derýanyň güýçli akymyna garşy bolan ýol takmynan 15 sagatda geçilýär, aşaklygyna bolsa ondanüç sagat az wagtda geçilýär. Bu suw arkaly ýoluň ugrunda köp sanly suw desgalary hem-de ýüzýän bölünýän köprüler bardyr. Derýada gämi ýüzüjüliginiň ýeňil iş däldigi we ekipaždan bu ýerdäki şertlere laýyklykda ylalaşylan hereketi hem-de ýokary ussatlygy talap edýändigi şu ýerden hem düşnüklidir. Garagum derýasynda aýry-aýry böleklerini gerek bolan ýagdaýynda itmek usuly ulanylýar.

TG-40 gämisiniň ekipažy gallany we gurluşyk ýüklerini daşamazdan ozal ýerlere täze ýerleri özleşdirmek üçin suw desgalaryny gurýanlar üçin ekskwatorlary, gum itekleýjileri, ýer tekizleýjileri we beýleki iri g agyr tehnikalary daşamak bilen Lebapsuwgurluşyk önümçilik birleşiginň buýurmalaryny ýerine ýetirdi. Golaý geljekde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin oba, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly gämileriň işi ep-esli artar. Garagum derýasynyň boýunda ýerleşen ilatly nokatlarda durmuş ähmiýetli häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy başlanar. Bu ýere suw ugry boýunça goňşy Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän adybyr demir ýol menziliniň golaýyndanky Zähmet gämi duralgasyndan gurluşyk enjamlary we tehnikalar daşalar diýlip çaklanylýar.

Derýaýollary önümçilik birleşiginiň flotuň ýükleri daşamak we ulanyş bölüminiň müdiriniň orunbasary Natzulla Rozyýewiň belleýşi ýaly, gämi gurluşyk – gämi abatlaýyş böleginde ýük göterijiligi 300 tonna çenli bolan gury ýük daşaýan baržasy iýul aýynda gatnawara abatlaýyşdan çykar. Häzirki wagtda derýada işleýän TG-40 gämisini has kuwwatly LS-56 gämisine çalyşmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin bi iki gämini Amiderýadan Garagum derýasynyň baş akabasyna şlýuzlar ulgamyny peýdalanmak bilen girizmek boýunça çylşyrymly işler amala aşyrylar.