Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 836
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Niderlandlardan, Eýrandan we Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosin, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjyny, polipropilen we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Owganystanly telekeçiler şeýle hem Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda çykarylan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Belarusyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna nah ýüplügi, pagta süýümini, gara mallaryň derisini, pagtanyň ilkinji gaýtadan işlenen galyndysyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 77 million 330 müň dollaryndan geçdi.

Depozit manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri pagta ýagyny, nah matany we ýüplügi, gaýtadan işlenen süýümi satyn aldylar. Baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 9 million 300 müň manatdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan içerki bazara kondisiýasyz polipropilen satyn alyndy.