Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 709
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan we Täjigistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, polipropileni satyn aldylar. Şeýle hem Owganystandan gelen işewürler “Týrkmengaz” Döwlet konserniniň önümi bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna awtoulag serişdeleri, tekiz reňklenen we tüýjümek polotensalar, nah ýüplügi, pagta süýümi, pagta linti, çig ýagly kislota ýerlendi. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Kareýa Respublikasyndan, Ukrainadan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Satylan önümleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 46 million 884 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine ABŞ-nyň, Russianyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Hindistanyň, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri awtoulag serişdelerini, maksatnamalaýyn üpjünçiligini, tekiz reňklenen we tüýjümek polotensalary, ýatyş düşekleri üçin daşlyklary, arassalanan pagta ýagyny, matalary, nah ýüplükleri, nah ýüplükleriň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 22 million 330 müň manatdan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 342 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaý satyn aldylar.