Ï Telekeçiler senagat kuwwatyny ýokarlandyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçiler senagat kuwwatyny ýokarlandyrýarlar

view-icon 808
Jemi içki önümiň emele gelşinde ykdysadyýetiň döwlete degişli däl sektorynyň paýy ösýär. Geçen ýylyň jemi esasynda hususy sektoryň önümleriniň we hyzmatlarynyň paýy , ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan jemi içki önüminiň 55% degişlidir.

Ösüşiň depgini saklanylýar: 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan geçen ýylky bilen deňeşdireniňde 42,6% köp senagat önümi öndürildi. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişi iki esseden gowrak ýokarlandy. Hususy sektoryň umumy haryt dolanşygy 127 % , ilata hyzmatlaryň möçberi 74,6% artdy.

sektotordaky öndürilýän harytlaryň we hyzmatlary etmek sarp edijilik önümleriň nomenklaturasyndan kem gelmeýär we ykdysadyýetiň hemme görnüşlerini öz içine alýar. Telekeçiler täze-täze işleri özleşdirýärler, gerekli tejribäni edinýärler. Geljekde telekeçileriň orny gurluşyk materiallaryň, kagyz, karton we olardan ýasalýan önümleriň, senagatdaky poligrafiýa önümleriň önümçiliginde giňär.

Bu ýere dokma, himiýa senagatyny, şeýle-de häzirki zaman talaplaryna laýyklykda öz görnüşlerini köpeldýän mebel önümçiligini goşup bolar. Süýji-köke, şöhlat we süýt önümçiligi ep-esli artýar. Täze hususy senagat kärhanalary döredilip, olar daşary satyljak senagat önümçiliginiň möçberini artdyrarlar. Ýerli hususy gurluşykçy kärhanalar ýylsaýyn tejribe toplaýarlar. Olaryň köpüsi kuwwatly tehniki bazasyny gurnamaklygy başardylar. Olaryň tejribesinde diňe bir gurluşyk işleri däl, eýsem taslamalary işläp düzmek tejribesi hem bar. 2013-nji ýylyň 6 aýynda ýurduň telekeçileriniň gurluşyk işleri 1,6 esse möçberde artdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 1865 desganyň gurluşygy alnyp barylýar we ABŞ-yň 41 milliard dollary özleşdirilýär. Bu umumy möçberden 13 milliard dollar ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan özleşdirilýär.