Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 753
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt – çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Owganystandan we Niderlandlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar. Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy hem satyn aldylar . Mundan başga-da, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, jinsi önümleri, sement üçin haltalar, pagta daňysy üçin gaplar, pagta süýümi, aşgarlanan pagta süýümi, yzgarly duzlanan goýun we geçi içegeleri, pagta linti hem ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Niderlandlar, Lihtenşteýn, Türkiýe, Owganystan, Ukraina, Täjigistan boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 782 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Awstraliýanyň, Slowakiýanyň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri matany we nah ýüplügi, saryja goýnunyň ýüňüni we geçi çöprüni, çig ýüpegi, regenerirlenen süýümi satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 6 million 275 müň manatdan gowrak boldy.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we azyklyk bugdaýy satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 450 müň manatdan gowrak boldy.