Ï Türkmen geologlary Galkynyş“ känini burawlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen geologlary Galkynyş“ känini burawlaýarlar

view-icon 980
„Galkynyş“ käniniň №200-nji burawyň töweregini gurşap alýan beýik – beýik alaňlaryndan ýaňa ýetip bolmajak bolup görünýärdi. Ýöne ine asfalt düşelen köçe nobatdaky gum alaňy geçende öňümizde tekiz gumly ýerde buraw wyşkasy görünýär. Bu ýerde „Türkmengaz“ we „Türkmengeologiýa“ döwlet konserniniň burawlaýyş toparlarynyň burawlan alty sany guýysynyň birinde buraw işleri alnyp barylýar.

„Türkmengaz“ döwlet konserniniň hyzmat şertnamalaryny baglaşan daşary ýurt kompaniýalarynyň iş alyp barýan meýdanynda 22 sany guýy burawlandy. Olaryň köpüsi ulanylmaga tabşyryldy we ýerasty baýlyklar gazyň ilkinji gaýtadan işleýiş we soňra gaz arassalýjy zawodyna kuwwatly tebygy ýangyç bolup akýar. Käbir känlerde intek bäş kilometr galyň ýeri burawlamak işleri hem geçirmeli.

„Marynebitgazgözleg“ müdirliginiň Myrat Orazmuhammedowyň ýolbaşçylygyndaky buraw topary №200-nji guýuda 3,5 müň metr burawlandy. Taslama bellige çenli bary-ýogy 1,3 müň metr galdy. Ýone burawyň bu bölegi iň agyr bölek bolup dur. Buraw işleri tamamlap, guýyny diňe sentýabr aýynda ulanmaga tabşyryp bolr.

Birnäçe ýyl mundan öň biziň geologorazwedçiklerimiz Günorta Ýolöten-Osman käninde tebigy ýangyjyň akymyny Türkmengeologiýa“ döwlet konserniniň „Marynebitgazgözleg“ müdirliginiň işçi toprlarynyň burawlan guýularyndan aldylar. Öň ýurdumyzyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baryp gören №№10, 17, 101 barlag-agtaryş guýulary uglewodorod çig malynyň senagat gorlarynyň köp möçberiniň bardygyny tassyklady.

Tebigy ýangyç senagat möçberinde „Lebapnebitgazgözleg“ müdirliginiň özleşdiren № 102 guýusyndan, №103 („Türkmengaz“), we hytaý hünärmenleri tarapyndan burawlnan №№ 15,16-nji guýularyndan alyndy. Seýsmogözlegleriň maglumatlaryny öwrenen geologlaryň netijesi esasynda, täze ýatagyň gaz gatlagy 600 metrden galyň bolup, Türkmenistnda hiç bir bolan gazly düzümde şunuň ýaly ölçegler ýok.