Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Suw hojalygy ministrliginiň Marydaky abatlaýyş-mehaniki kärhanasy gidrotehniki desgalar üçin ýigrimiden gowrak böwetleri, zemsnýaradlar üçin ulu we kiçi göwrümli goşalanan pontonlaryň on sanysyny, ýokary we pes güýçli elektrogeçirijileriň liniýalary üçin 130 dan gowrak trawersi we iki sany suwuklygy daşaýan baržany öndürdi.
Emeli derýanyň çekilmegi netijesinde, 60 ýyl mundan öň gurlan abatlaýyş – mehaniki zawod indi iri kärhana öwrüldi. Ýylyň başynda abatlaýyş hyzmatlary we başga işleriň sargytlary üçin üç million manatlyk düzülen paket , ýurdumyzyň suw hojalygy ulgamynyň iň iri kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Pantonlar Garagum derýasynyň gözbaşyndaky suw sorujylara ygtybarly hyzmat edýärler. Böwetler emeli derýanyň ähli uzynlygynda gidrotehniki desgalarda ulanylýar. Ýokary we pes güýçli elektrogeçirijileriň liniýalary üçin trawersler islegden peýdalanýar. Belli bolşy ýaly baržalar Zähmete degişli bolup, suwuk ýangyç önümleri talabalaýyk daşaýarlar. Ýylyň başynda taýýarlanan sekiz sany tigirli böwetler häzirki wagtda gurluşyk işleri alnyp barylýan Kakanyň „Gozgonçaý“ suw howdanynyň gidrotehniki desgasynda gurnalan.
Kärhanada bir gezekgi eretmede ýedi tonna çenli çoýuny eretmek kuwwaty bolan metal guýujy sehi hem hereket edýär. Eretmek üçin koks Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan iberilýär. Ýylyň başyndan bäri ýüz tonna golaý çoýun eredildi. Bu bolsa çoýuna bolan islegi doly diýen ýaly kanaglandyrýar. Çoýun ätiýaçlyk şaýlaryny, suwaryş ulgamyndaky suw sorujylary bejermekde we ekskowatorlaryň, şol sanda belli „Komasu“ ekskowatorlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmeklikde ulanylýar.