Ï Ýurtda oba hojalyk önümlerini artdyrmak höweslendirilýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurtda oba hojalyk önümlerini artdyrmak höweslendirilýar

view-icon 1000
Geçen bugdaý oragy möwsüminde şu ýylyň aprelinde tassyklanan “Bugdaý önümçiligini maliýeleşdirmek we oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hasaplaşyk hakynda” taze düzgünnamanyň amala aşyrylmagy däneçiligi netijeli ýokarlandyrmaga we bazar gatnaşyklarynyň ornaşdyrylmagyna şertleri döretdi. Täze resminanmanyň kontekstinde üýtgedilmegi önümçilik çykdajylarynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hususanda, täze düzgün hususy tehnikany ekin meýdanlarynda ulanmak bilen baglanyşykly mehanizimleşdirilen işleri sazlaşdyrýar. Ol ýurtda 2008-nji ýyldan bäri hereket eden düzgünnamanyň ornyna geldi.

Ýygnalan galla hasyly üçin her günki hasaplaşyk daýhan birleşiklerinde 1-nji iýundan badalga aldy. Häzirki günlere oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen maliýe hasaplaşygy tamamlandy. Töleg “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankynyň serişdeleriniň hasabyna ”Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşigine açyk karz pul ugry boýunça amala aşyryldy.

Şu ýyl türkmen gallaçylary 1 million 600 müň tonna bugdaý tabşyrmak baradaky döwlet buýurmasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, bu baradaky meýilnamany 3% artyk ýerine ýetirmegi başardylar. Bu baradaky tabşyrygy ilkinji bolup Mary welaýatynyň Tagtabazar (jemi bir ýarym esse) we Serdarabat etraplarynyň gallaçylary ýerine ýetirmegi başardylar. Soňra olara Ahal welaýatynyň Sarahs, Lebap welaýatynň Garaşsyzlyk we Saýat etraplarynyň daýhanlary goşuldylar. Ýurduň demirgazyk sebtinde Görogly etraby aýratyn tapawutlanmagy başardy.

Şol bir wagtyň özünde “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşiginiň öňünde - 2014-nji ýylda 1 600 000 tonna bugdaý öndürmek barada täze maksatnamalar goýuldy. Bu maksat bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döwlet birleşigine daýhan birleşikleri, oba hojalyk kärhanalary, kärendeçileri we daýhanlar şertnamalary baglaşmak we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde täze ýylda dänäni 860 müň gektar meýdana ekmek tabşyryldy .

Türkmen däneçilik pudagynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi ilatyň dänäni içerki sarp edilşini üpjün etmäge we daşarky bazarlarda berk orun almaga şertleri döretdi.Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden kararyna laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” birleşigine bugdaýyň azyklyk görnüşleriniň artykmajyny daşary bazarlarda ýerlemek mümkinçiligi döredildi. Türkmen bugdaýynyň daşary ýurtlara iberilmegi üç ýyl bäri amala aşyrylýar. Onuň ilkinji tapgyry daşary ýurt sarp edijilerine 2011-nji ýylda iberildi.

Obalaryň keşbiniň özgerdilmeginde, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hasaplaşygyň wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmeginde bank-maliýe ulgamynyň ähmiýeti ulydyr. Amala aşyrylýan karz pullaryň ýeňilleşdirilen görnüşleriniň kömegi bilen oba hojalyk önümçiliginiň wekilleri oňaýly şertlerde dünýä belli kompaniýalar bolan “Klaas”, Keýs”, ”Jon Dir” kompanilarynyň we oba hojalyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini – seýalkalary, azallary, suwaryş ulgamynyň tehnikalaryny satyn alýarlar. Bu serişdeler ösümlik önümlerini artdyrmaga kömek edýär, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we täze ýerleri ösleşdirmäge gönükdirilýär.

Mundan hem başga, daýhanlaryň öz önümçiliginden goşmaça girdeji almaga mükinçilikleri bardyr. Sebäbi ösdürip ýetişdiren we tabşyran hasylyna tölegden başga hem indi öba hojalyk ekinlerini öndürijiler olaryň hususy eýeçiligi bolan traktorlary, kombaýnlary we beýlekikileri ulanandygyna pul serişdeleri tölenýär. Mundan öň bolsa, “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşigi bilen oba hojalyk möwsüminiň tehniki taýdan üpjünçiligi bilen bagly maliýe hasabatlary “Daýhanbank”Döwlet täjirçilik bankynyň serişdeleriniň hasabyna açyk karz pul ugry boýunça geçirilýärdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe hasabatlaryna epesli täsir edýän ýeňilleşdirilen karz pul ulgamyny kämilleşdirmek dowam etdirilýär. Döwlet özgertmeleriniň çäklerinde döredilýän maliýe-ykdysady ryçaglar ýurtda oba hojalygynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi üçin we oba ojalyk ekinlerini öndürijileriň girdejileriniň artmagyna gowy mümkinçilikleri döredýär.

Ýurtda esasy oba hojalyk ekinleri bolan gowaçany, bugdaýy, gant şugundyryny, şalyny ösdürip ýetişdirmek üçin ýeňilleşdirilen şertler döredilendir. Olaryň önümçiliginiň ähli çykdajylarynyň bahasynyň 50 göterimi döwletiň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu bolsa türkmen daýhanlaryny epesli goldamaga ýardam edýär. Ekini ösdürip ýetişdirmek üçin esasy we kömekçi materiallaryň we hyzmatlaryň toplumyna tohum, dökün, suw, ulag serişdeleri bilen üpjün etmek, tehniki hyzmatlar, awiasiýa işleri, ösümlikleri goramak işleri girýär. Mundan hem başga, tohumçylyk hojalyklary üçin mineral dökünleri ýeňňilleşdirilen bahadan 25% köp berilýär.

Meselem, 2013-nji ýylda bugdaýy ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýeňilleşdirilen baha boýunça ýurtda umumy bahasy 170 million manatlyk 197,80 müň tonna tohum (şol sanda tohumçylyk hojalyklary üçin), 619,983 müň tonna mineral dökünleri (azot we fosfor), 4558 million kubmetr suw berildi, şeýle hem agrotehniki, awiasiýa we beýleki işler geçirildi.

Ýurdyň daýhanlary bilen döwlet hyzmat ediş kärhanalarynyň birnäçesi ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu jähtden bugdaý önümçiliginde – Oba hojalyk, Suw hojalyk ministrliklerini, “Türkmenhimiýa” Döwlet konsernini, “Türkmenobahyzmat” Assosasiýasyny, “Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşigini we beýlekileri görkezmek bolar.

Oba hojalyk önümçiliginiň wekillerine döwlet tarapyndan berilýän şertler we ýeňillikler we dürli oba hojalyk ekinleriniň satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy özüniň oňaýly täsirlerini ýetirýär. Şunlikda, 2009-njy ýyl bilen deňeşdirilende ýurtda bugdaýyň satyn alnyş nyrhy 1,3 esse artdy. Däneçilik gurluşlara epesli maýa goýumlary goýulýar. Muňa mysal hökmünde geçen ýylda ulanylmaga berlen köp ugurly desga bolan Ruhabadyň çörek önümlerini öndürýän ňnümçilik toplumyny görkezmek bolar.

Oba hojalyk ekinlerini öndürijileri döwlet tarapndan toplumlaýyn goldanylmagy oba hojalyk toplumynda özgertmeleriň çal depginler bilen amala aşyrylmagyna şertleri döredýär.