Ï Ot-iým taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ot-iým taýýarlanylýar

view-icon 1589
Döwlet maldarçylyk birleşiginiň hojalyklarynda mallaryň üstünlikli gyşladylmagyny üpjün etmek üçin ot-iým taýýarlamak dowam etdirilýär. Umumylykda Döwlet birleşigi boýunça awgust aýynyň başyna iri baldakly otlaryň 85 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy ýa-da bu baradaky ýyllyk tabşyryk 62 göterim ýerine ýetirildi. Bu esasan hem öri meýdanlarynda ösýän ösümliklerdir, hususan-da ýandak, şeýle hem ýorunja bedesi we samandyr. Ot-iým taýýarlamakda her bir maldarçylyk fermasynda döredilen ot-iým taýýarlaýjy toparlar önjeýli işleýärler.

Ownuk mallaryň sürilerinde eýýäm guzylar ene mallaryndan aýry sklanylýar. Guzy sürileri döredildi. Olaryň baş sany diňe Mary welaýatynda Döwlet birleşiginiň düzüminde 250 müňden hem geçdi.

Gara mallaryň baş sanynyň artdyrylmagynyň göz öňünde tutulmagy mynasibetli kombikormlaryň, belok-witamin-mineral goşundylaryň we konsentratlaryň senagat taýdan öndürilişi işjeň ösdüriler. Döwlet birleşiginiň her bir fermasy gerek bolan suwarymly ekin meýdanlarynda mallaryň baş sanyna görä iýmlik ot-iýmleriň ekilişi bilen üpjün eder.

Döwlet maldarçylyk birleşiginiň düzüminde tohum we harytlyk mallaryň maldarçylyk hojalyklarynyň 67-si bardyr. Bu hojalyklaryň material-tehniki binýadyny berkitmek, tohumçylyk çärelerini alyp barmagy gowlandyrmak boýunça işler ýaýbaňlandyryldy. Döwlet birleşiginiň hojalyklarynda goýunlaryň we geçileriň 1,5 million, gara mallaryň 48 müňüsi we düýeleriň 12 müňüsi töweregi saklanylýar.