Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 764
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bolan söwdalaşyklarda geleşikleriň 30-sy baglaşyldy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýäden, Owganystandan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropleni, nebit koksuny, gaçy gidroarassalaýyşdan geçen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz reňklenen we tüýjümek plotensalaryň dürli görnüşleri, nah ýüplük, pagta süýümi, garaköli goýnuň ýüňi, süýüm galyndylary, çig ýagly kislotalar satyldy. Olary Hytaý, Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Ukraina, Azerbaýjan ýaly döwletlerden gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 328 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri arassalanan pagta ýagyny we günebakar ýagyny, nah ýüplükleri, gara köli goýunlaryň we geçileriň ýüňlerini, çig ýüpek satyn aldylar. Olaryň umumy bahasy 11 million 397 müň manatdan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 671 müň manatdan gowrak bolan bizi hem-de iki we üç gatly çadyrlary satyn aldylar.