Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni usulda arassalanylan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli ölçeglerdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalary, matany we nah ýüplükleri, pagta süýümini, süýüm ülügini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 79 million 400 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gyrgyzystandan we Azarbaýjandan gelen telekeçiler arassalanylan pagta ýagyny, şeýle hem mata we nah ýüplükleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 4 million 38 müň manada deň boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, 15 müň manatlykdan gowrak möçberdäki kada laýyk gelmeýän polipropileni satyn aldylar.