Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda Daşoguz welaýatynyň babadaýhanlary 2013-nji ýylyň pagta ýygymyna başladylar.
Pagta ýygymy – hökümetiň mejlislerinde, widoşekilli iş maslahatlarynda milli Liderimiziň welaýatlaryň häkimleri we beýleki degişli ýolbaşçylary bilen ara alyp maslahatlaşýan möhüm meseleleriniň biridir. 2-nji sentýabrda geçirilen widoşekilli iş maslahatynyň barşynda milli Liderimiz pagta ýygymyny öz wagtynda geçirmek meselelesi barada durup geçmek bilen, möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, ýygymy öz wagtynda tamamlamagyň, şeýle hem ýygnanan hasyly oňat saklamak we ýokary hilli gaýtadan işlemek bilen bagly çärelere jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şu meseleler Oba hojalyk ministrliginiň düzümine girýän edara kärhanalarynda geçirilýän pudaklaýyn ýygnaklarda hem gozgalýar. Welaýatyň pagta ekýän etraplarynyň hemmesinde “ak altyny” ýygnamak boýunça pagtaçylar we mehanizatorlar üçin geçirilen maslahatlar Türkmenistanyň demirgazak welaýatynda pagta ýygymynyň başlanmagyna bagyşlandy.
Daşoguz welaýatynyň pagta ekilen meýdanlary 140 müň gektara deň bolup, pagtaçylar şol ýerlerden “ak altynyň” 230 müň tonnasyny ýygnamagy maksat edinýärler. Ýurdumyzyň demirgazagynda ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda däp bolşy ýaly, pagtanyň “149-F”, “S-4727”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Serdar” ýaly sortlaryny ösdürip ýetişdirýärler. Şu pagta ýygymy möwsüminde pagtanyň täze sortlary, hususan-da ,“Jeýhun sorty” synagdan geçirildi.
Daşoguzly daýhanlar pagta ýygymy möwsümini gysga möhletde, ýokary hilli we tiz geçirmegi maksat edinýärler. Munuň üçin pagta ýygymynda şu ýyl döwrebap we kuwwatly tehnikalar-“Jon Dir”, “Keýs” kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlar, hasyly daşamakda bolsa ýük awtoulaglary hem-de ýörite tirkegli traktorlar ulanylar. Olaryň hemmesi gurat we saz ýagdaýda pagta ýygymyna girişdiler. Pagta kabul edýän kärhanalar we pagta arassalaýjy zawodlar möwsüme doly taýýarlanyldy. Ýygnalan hasylyň hemmesi barlaghanalarda syngadan geçiriler, olarda ýygnalan çig malynyň hilini “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri kesgitlär.
“Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümlerinde pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça işleriň bökdençsiz alnyp barylmagyna doly taýýarlyk görüldi.
Daşoguz welaýatynda pagta ýygym möwsümine Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň “Nowruz” pagta arassalaýjy kärhanasynyň ýanynda badalga berildi. Bu dabaraly çärä welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenpagta” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, pudaklaýyn oba hojalyk institutlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaraly çäre bu ýere köpsanly myhmanlary-welaýatyň hormatly ýaşulularyny, oba hojalyk toplumynyň weteranlaryny, oba hojalyk alymlaryny, kombançylary, pagtaçylary, sürüjileri we kärendeçileri , etrabyň ilatlary ýerleriniň ýaşaýjylaryny ýygnady.
Gadymdan gelýän asylly däbe görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan eziz Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny dileg edip, “Harmanyňyza bereket!” diýen sözler bilen pagta ýygymyna başlap berdiler. Döwlet baýdaklary, türkmen halylary, şygarlar we beýleki baýramçylyk nyşanlary bilen bezelen, üsti ak pagtadan doly awtoulaglar we tirkegli traktorlar pagta arassalaýjy kärhana tarap ugur aldylar. Ol ilkinji bolup daşoguz pagtasynyň ilkinji tonnasyny kabul etdi.
Dabaraly çäräniň barşynda “ak altynyň” bereketli hasylyny ýetişdiren zähmetsöýer pagtaçylaryň onusyna milli Liderimiziň adyndan gymmatly bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň çäklerinde oba hojalyk sergisi guralyp, onda çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň oba hojalyk toplumynyň täze önümleri, oba hojalyk tehnikalary bilen tanyşdylar. Welaýatyň dörejilik toparlary konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Bu ýerde şeýle hem sportuň milli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary guraldy.