Ï Türkmenistanda halkara energetika forumy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda halkara energetika forumy açyldy

view-icon 881
Şu gün türkmen paýtagtynda iri pudaklaýyn forum – “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady. Bu forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýär. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän uzakmöhletleýin energetika strategiýasynyň üstünlikleriniň we gazananlarynyň däp bolan gözden geçirilişi ýurdumyzyň Energetika ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Bu çäre her ýyl hünär baýramçylygynyň – Energetika senagatynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirilýär.


Ägirt uly energetika serişdelerine eýe bolan Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşyp, milli ykdysadyýetiň, şol sanda elektroenergetika ulgamynyň okgunly ösýändigini görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu strategiki pudak ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we halkara taslamalarynyň çäklerinde bu pudagy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bu wajyp ulgamynyň köp esse artan kuwwaty diňe bir içerki islegleri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň möçberlerini artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

Şu nobatdaky ýöriteleşdirilen forum hem türkmen energetikasynyň uly üstünliklerini hem-de geljekki ösüşiň esasy ugurlaryny görkezmelidir. Bu gözden geçirilişe dünýäniň 20 ýurdundan kompaniýalaryň we firmalaryň köpüsi gatnaşmaga isleg bildirdiler. Oňa ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň we beýleki ýurtlaryň elektrik energetikasy ulgamynda işleýän işewürler düzümleriniň köp sanly wekilleri gatnaşýarlar.

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgüniň giň zallarynda köp ugurly sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy dowam edýär, “Mukam” skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde saz kompozisiýalary ýaňlanýar. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Serpaý” folklor-etnografiki toparynyň artistleri foruma gatnaşyjylary we myhmanlary aýdym-sazlar hem-de tanslar bilen garşylaýarlar.

Halkara serginiň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, esasy jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, milli parlamentiň deputatlary daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşýarlar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiz onda halkara forumyna gatnaşyjylary onuň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap: “Türkmenistanyň energetika syýasatynyň uly kuwwaty, ýurdumyzyň abadançylygy we durnukly ösüşi, döwletimiziň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, milli baýlyklarymyzyň ummasyz gorlary ykdysady ösüşlerimiziň esasy çeşmesidir” diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara sergisinde we ylmy maslahatda Türkmenistanyň energetika pudagynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi barada maglumatlary almaga, şeýle hem täze, geljegi uly taslamalary hödürlemäge, pudakda ýetilen sepgitleri görkezmäge, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, energiýanyň täzelenýän çeşmelerini netijeli ulanmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň kärhanalaryna we köpsanly daşary ýurt kompaniýalaryna özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.


Türkmenistan özüniň energetika ulgamynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Muňa pudaga ornaşdyrylýan innowasiýalar, şeýle hem häzirki wagtda elektrik stansiýalar üçin iň netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz ýangyçlaryň biri bolan tebigy gazyň ägirt uly gorlary ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik stansiýalarynyň 10-sy, şol sanda täze kuwwatly energetika desgalary – 2010-njy ýylda ulanmaga berlen “Ahal” we “Awaza” gaztrubina elektrik stansiýalary netijeli hereket edýär. Öndürilýän elektrik energiýasynyň ep-esli böleginiň Eýrana we Owganystana eksport edilýändigini bellemelidiris.

Milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek bilen baglylykda, täze energetika kuwwatlyklaryny, podstansiýalary we transformator desgalaryny, paýlaýjy ulgamlary gurmaga hem-de öňden bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga, elektrik geçiriji ulgamlaryň eksport ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň şäherleriniň we obalarynyň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär.

Şu ýyl kabul edilen “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna” laýyklykda, geljekde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gaztrubina elektrik stansiýalarynyň 8-sini gurmak, Seýdi, Balkanabat we Abadan şäherlerinde hereket edýän stansiýalaryň durkuny täzelemek, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryň täzelerini gurmak meýilleşdirilýär.

Iň täze energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, ýokary netijeli we ygtybarly enjamlary, dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny ornaşdyrmak bu wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Energetika ministrliginiň düzümleýin edaralary hem-de ýurdumyzyň hususy telekeçiligi tarapyndan taýýarlanan ekspozisiýalar Türkmenistanyň energetika pudagynyň okgunly ösýändigini görkezýär. Bu ýerde “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Türkmenenergogurluşyk” , “Türkmenmaşyngurluşyk” konsernleriniň, “Türkmenenergogözegçilik” kärhanasynyň, “Aşgabatenergo”, “Türkmenenergoabatlaýyş” önümçilik birleşikleriniň, “Türkmenenergotaslama” ylmy-barlag institutynyň, beýleki degişli pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň diwarlyklary görkezilýär. Ýurdumyzyň häzirki zaman energetika ulgamyny döretmäge hususy kärhanalaryň 60-dan gowragy, şol sanda elektrik stansiýalaryny we podstansiýalary gurmak, elektrik geçirijileri çekmek, transformator desgalaryny gurnamak, abatlaýyş-gurnama işlerini geçirmek ulgamlarynda özlerini üstünlikli görkezen “Ussat inžener”, “Ýaş türkmenler”, “Miras”, “Çeper gurluşyk”, “Rysgally ýurt”, “Türkmen ýyldyzy”, “Ülke”, “Ajaýyp döwür” ýaly hususy kärhanalar hem-de “Türkmenenergohyzmat”, “Halys”, “Weli ussat”, “Elektrogurluşyk toparlary”, “Kuwwatly energiýa hyzmat” ýaly hojalyk birleşikleri saldamly goşant goşýarlar.

Ýurdumyzda ýokary hilli elektroenergetika enjamlarynyň we abzallarynyň, ekologiýa taýdan arassa tehnologiki täzelikleriň iberilmegini ýola goýan kompaniýalar we hususy kärhanalar hem pudagyň çalt depginler bilen ösmegine ýardam edýär. Olaryň arasynda baý iş tejribesi bolan “Ak toprak”, “Imdat elektronika”, “Başarjaň binagär”, “Arassa tebigat”, “Eneks türkmen” hususy kärhanalary, şeýle hem “Birkim” kysymly boýaglaryň dürli görnüşlerini hem-de izolýasion materiallary we beýlekileri çykarmaga ýöriteleşdirilen “Çaly” kärhanasy bar.

Serginiň mowzuklaýyn bölümleri häzirki wagtda energetika senagatyna giňden ornaşdyrylýan iň täze tehnologiýalara hem-de döwrebap enjamlara bagyşlanýar.

Sergi köşgüniň giň pawilonlarynda Germaniýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýlekileriň meşhur kompaniýalary ýokary ekologiki gurluşyk standartlaryndan we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmakdan başlap, özboluşly binagärlik taslamalaryna çenli özleriniň gazananlaryny, tekliplerini we nou-haularyny hödürleýärler. Goňşy ýurtlar bolan Gazagystanyň we Azerbaýjanyň gazananlary hem giňden görkezilýär.

Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň energetika pudagynyň ösüşine baglyşlanan halkara ylmy maslahat öz işine başlady.

Maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleri, daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Tejribe alyşmakdan başga-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň giň gerime eýe bolmagy, biziň ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi maslahata uly gyzyklanmany döretdi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan energetika syýasaty ýurdumyzyň energetika pudagynyň ýakyn onýyllyklary üçin ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna goşulyşmagynyň ugry boýunça anyk ädimleri belledi.

Çykyşlarda häzirki wagtda pudagyň kärhanalaryny täze tehnikalary bilen üpjün etmek we döwrebaplaşdyrmak, döwletiň içinde we halkara derejesinde täze kuwwatly elektrik geçiriji ulgamlary, degişli önümçilik düzümleri gurmak babatda iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli çärelere aýratyn üns berildi. Maslahatda şeýle hem transformator gurmak we durkuny täzelemek ulgamynda iň täze tehnologiýalar, elektrik energiýasyny hasaba alynmagyny awtomatlaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn çözgütler, kämilleşdirilen ýokary woltly ulgamlar we beýleki mowzuklar öz beýanyny tapdy.

Şu we beýleki meseleleriň gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşylmagy tagallalary birleşdirmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny ýüze çykardy. Munuň özi hünärmenleriň pikir alyşmalarynyň netijeli bolmagyna hem-de geljekki gatnaşyklaryň ýollaryny bellemäge mümkinçilik berdi.

Ertir sergi we maslahat öz işini dowam eder.